DÜNÝÄ

142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meselesi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we agzybirligiň ýurdy hökmünde tanalýandygy bellenildi. Ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, häzirki wagta çenli 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen çuňňur paýhasa ýugrulan ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu babatda degişli işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan wekiliýeti ABŞ-nyň Montana uniwersitetinde gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Orhan Zeýnalow: Azerbaýjan Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyna taýýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş maslahatyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Botswana diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy