Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň demirgazygynda paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmägine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepeşiginde bellenilip geçildi.
Açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy, hökümet agzalary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Ilki bilen milli Liderimiz ýene-de paýtagtymyzyň demirgazygynda ýakyn ýyllarda peýda boljak “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerden hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde şu gün Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen “Hýundai” kysymly täze awtobus bilen Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan 140 sany 2 gatly ähli amatlylyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Bu ýerde milli Liderimiz toý bagyny kesip, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdi. Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp gördi we onda döredilen şertler bilen tanyşdy we lukman maşgalasynyň göçüp gelen täze jaýyny synlady.
Täze ýaşaýyş jaýlary ähli amatlylyklary özünde jemleýär we bu ýerde maşgala agzalarynyň ekerançylyk we bagçylyk bilen meşgullanmagy üçin mellek ýeri hem göz öňünde tutulypdyr.
Ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy türkmen toýuna mahsus dabaralara beslendi. Bu ýerde paýtagtymyzyň irki döwürlerini wasp edýän teatrlaşdyrylan oýunlar görkezildi we Aşgabady wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.