SPORT

14 ýaşynda Olimpiýa çempiony boldy

Skeýtbording tomusky Olimpiýa oýunlarynyň düzümine goşulan täze sport görnüşleriniň biridir. Bassyr ikinji Olimpiýa oýunlarynda sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär. Düýn zenanlaryň arasynda “strit” görnüşi boýunça bäsleşikler guraldy. Şonda 14 ýaşyndaky mekdep okuwçysy Ýaponiýanyň raýaty Koko Ýesidzawa altyn medal gazanyp, Olimpiýa çempiony boldy.
Sportuň bu görnüşiniň final tapgyrynda 8 türgen bäsleşdi. Olaryň arasynda ozalky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijilerinden 16 ýaşyndaky brazil türgen Raisa Leal, 19 ýaşyndaky ýapon türgen Funa Nakaýama bar.
14 ýaşyndaky Koko Ýesidzawa bu bäsleşikde çempion boldy. Ol özüniň ildeşi Liz Akamadan 7 utuk öňde tamamlady. Üçünji orny Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda kümüş medaly eýelän 16 ýaşyndaky brazil türgen Raisa Leal eýeledi.

Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek. 14 ýaşyndaky Koko Ýesidzawa Pariž Olimpiadasynyň iň ýaş türgeni däl. 6-njy awgustda skeýtbording sportuň “park” görnüşi boýunça bäsleşikde 11 ýaşyndaky hytaýly türgen Çžen Haohao hem bäsleşige goşular.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady