Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün işleriňizi tertipleşdirmek we öňde goýan maksdyňyza ýetmek üçin amatly gün bolar. Iş ýeriňizde jogapkärçiligiňiziň artmagy mümkin, bu bolsa size ynam bildirýändikleriniň alamatydyr. Sabyrly we paýhasly hereket etseňiz, ýolbaşçylaryň goldawyny gazanyp bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda duýgularyňyzy doly açyp görkezmekden çekinmäň. Güniň ikinji ýarymynda dynç almaga wagt tapmak möhümdir.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün duýgularyňyz birneme güýçlenip biler. Maşgala we öý bilen bagly meseleler üns merkezinde bolar. Ýakynlaryňyza goldaw bermek size hem ruhy rahatlyk getirer. Iş ýerinde bolsa, sabyrly bolmak we duýgulara berilmän, paýhas bilen hereket etmek zerurdyr.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün özüňizi görkezmek, başarnyklaryňyzy subut etmek üçin gowy mümkinçilikler peýda bolar. Işde başarnyklaryňyz öňe çykar.Ýolbaşçy işdeşleriňiz siziň maslahatyňyza gulak asarlar. Şahsy durmuşda bolsa, sabyrly bolmak we garşy tarapy diňlemek gatnaşyklary has-da gowulandyrar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün deňagramlylyk siziň esasy ýörelgäňiz bolar. Iş we şahsy durmuş arasynda dogry deňlik saklamak zerurdyr. Gepleşiklerde ylalaşyk gazanmak aňsat bolar. Güniň ikinji ýarymynda maliýe taýdan uly üýtgeşmeler peýda bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün içki güýjüňiz we maksada okgunlylygyňyz artar. Öňden dowam edip gelýän meseleleri çözmek üçin amatly pursat peýda bolar. Işde çynlakaý çemeleşme üstünlik getirer. Şahsy durmuşda bolsa, aç-açan gürrüňdeşlik düşünişmezlikleriň öňüni alar. Güniň ikinji ýarymynda duýgularyňyzy gözegçilikde saklamak möhümdir.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün jogapkärçilik we çydamlylyk siziň esasy artykmaçlygyňyz bolar. Işde möhüm meseleler ýolbaşçylar tarapyndan size ynanylyp bilner. Sabyrly we yzygiderli hereket etseňiz, oňyn netije alarsyňyz. Şahsy durmuşda bolsa, ýakynlaryňyza has köp üns bermek gatnaşyklary berkitmäge kömek eder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün garaşylmadyk teklipler mümkin. Adaty bolmadyk pikirleriňiz üns çekip biler. Işde topar bilen işlemek üstünlikli bolar. Şahsy durmuşda bolsa, erkinlik we özara hormat esasy orun tutar.
