SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

14-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  14-nji  apreldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar başgalara maslahat bermäge meýilli we bu maslahatlar gaty amatly bolar! Bu barada hiç kim soramasa-da hamallar ony öz islegi bilen ederler. Dogrusy, eger kömek sorasalar hem, olar bu kömegi ýokary derejede ýerine ýetirerler. Emma hamallaryň ýakynlary tankytlara taýyn bolmaly. Çünki olar ähli ýalňyşlyklary we kemçilikleri rehimsizlik bilen beýan ederler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Ýyldyzlar sowurlara bu günüň iň amatly bolmajakdygyny duýdurýarlar. Emma bu zatlaryň ählisine onuň özi sebäp bolar. Sowurlar hemme zatdan ýadap bilerler, islendik ownuk zat ony gynandyryp biler! Şol sebäpli başgalar bilen gapma-garşylyklar, gahar-gazap we düşünişmezlikler mümkin. Munuň öňüni almak üçin sowurlar aragatnaşygy az derejede saklamaly we oňyn bir zat etmeli – mysal üçin sport zalyna gitmeli ýa-da şadyýan film görmeli.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün, irdenden başlap, hemme zat jöwzalaryň elinden gaçyp biler. Olar güýçleriniň ýetmeýändigini duýup bilerler. Ýöne iň esasy zat, özüňi aşa tankytlamazlykdyr. Hawa, bu gün kyn meseleleri çözmäge synanyşan jöwzalar şowsuzlyga uçrarlar. Gün lapykeçlik getirmez ýaly, jöwzalar dynç almaly we akym bilen gitmeli bolar. Elbetde, bu ýagdaýda olar köp zat edip bilmezler, ýöne şol bir wagtyň özünde, hiç zada zyýan hem bermezler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar beýlekiler bilen, esasanam ýakynlary bilen has ýumşak boljak bolmaly. Emma onuň çydamsyzlygy we takyklygy gapma-garşylygyň çeşmesine öwrülip biler. Özara dawa seretanlaryň meýilnamasynda ýok bolsa, olar kompramise gitmeli bolarlar. Hiç kimiň göwnüne degmezlik üçin ýönekeý bir düzgüne eýeriň: “Özüňize islemeýän zadyňyzy başgalara etmäň we aýtmaň.”

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýyldyzlary esetlerden öz ýakynlaryna üns we alada talap eder. Bu iş hakynda bolmagy mümkin. Bu ýagdaýda esetler bilimini we tejribesini paýlaşmaly bolarlar. Ýaa-da bir dosty kömege mätäç bolmagy mümkin, eset ony diňlemeli we goldamaly bolar. Esetleri saýlamaga mejbur etjek bir ýagdaý ýüze çykyp biler – pul, wezipe, ýa-da birine kömek etmek. Ýyldyzlary esetlere, eger güýji ýetýän bolsa, kömek etmegi maslahat berýärler – edilen işler hökman oňa gaýdyp geler we dünýä has-da gowulaşar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün töweregindäki adamlar sünbülelere köp tankyt ederler. Bu, dürli görnüşlerde bolar – ýakynlaryň ýumşak gülküsinden ýolbaşçylaryň ýiti gaharyna çenli. Sünbüleleriň sähelçe ýalňyşlyklaryny töwerekdäkiler göni bilerler, egerde ýalňyslyklar ýok bolsa, olar ony uly howes bilen oýlap taparlar. Şonuň üçin sünbüleler, degişmäniň beren maslahatyna eýeriň: “Tankytdan dynmak isleýärsiňizmi? Hiç zat diýmäň, hiç zat etmäň we hiç zat bolmaň”.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ýyldyzlary mizanlardan möhüm bir zadyň gözlerinden gizlenendigini duýdurýarlar! Belki, olaryň arkasynda bir dildüwşük edilen bolsa-da, henizem şübhelenmeýärler; kimdir biri olara böwet bolýar, karýerasyna zyýan ýetirýär ýa-da arkasynda myş-myş ýaýradýar. Bularyň hemmesi mizanlaryň işine we abraýyna zyýan ýetirmezligi üçin ýyldyzlar gözlerini we gulaklaryni islendik maglumat üçin açyk saklamagy maslahat berýärler. Mundan başga-da, her kim hakda hemme zady bilýänler bilen maslahatlaşmak peýdaly bolar. Beýle adamlar bolsa, islendik toparda-da bardyr.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplarda bu gün hasapçy oýanar! Olar üns bermegi, sabyrlylygy we takyklygy talap edýän islendik işde ajaýyp üstünlik gazanarlar. Bu häsiýetleriniň kömegi bilen şertnamada ownuk şrift bilen ýazylan islendik zady okamak ýa-da iş stoluny arassalamak kyn bolmaz. Akraplar esasanam pul sanamaga ökde bolar: bu gün maýa goýumlary, öý býudjetini meýilleşdirmek we ýerlikli çykdajylar üçin amatly. Bu gün edilen satyn alyşlar akraplary köp ýyllap begendirip biler, şonuň üçin ýyldyzlar oňa söwda etmäge gitmegi maslahat berýärler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Ähli meselelerde kowuslar inisiatiwany öz üstüne alarlar. Olaryň bu gün özlerine uly ynamlary bolar. Şol sebäpli kowuslar, başgalaryň pikirini diňlemän, özbaşdak karar bermäge ýykgyn edýär, ýöne arkaýyn boluň: bu kararlar kowuslaryň iň gowy islegleri bilen kabul edilýär. Dogry, kowuslaryň özüni alyp barşy, töweregindäkileriň arasynda düşünişmezligi döredip biler. Şonuň üçin nähili gowy niýetler bolsa-da, dawalaryň we garşylyklaryň bolmagy mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýyldyzlary jedilere ýakynlaryna aýratyn üns bermegi maslahat berýär. Işi köp bolsa-da, ezizleri bilen bile bolmak üçin işlerini bir gyra aýyrmaly. Belki, jediler ýakyn adam bilen uzak wagtlap ýürekdeş gürleşmedik bolsa gerek, belki-de, ikitaraplaýyn talaplar we nägilelikler jemlenendir? Seýilgähde gezelenç, bir kafe ýa-da kinoteatra gitmek, bilelikde nahar bişirmek… umuman bilelikde edilen iň ýönekeý zatlar hem olaryň ýüregine rahatlyk getirer.
 

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar gudratlara ynanmagy başarýar! Onuň şaýat boljak käbir wakalarynyň dünýä baradaky materialistik pikirlere laýyk gelmeýän bolmagy gaty ähtimal. Belki, daluwlar dežawýu duýgusyny başdan geçirer ýa-da ajaýyp waka, tötänlik ýa-da hadysa onuň gözüniň öňünde bolar. Ýa-da daluwlar bilen owadan biriniň arasynda söýgi uçguny dörär. Galyberse-de, söýgi ylymyň entek düşündirip bilmedik gudratydyr.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Diňe ýönekeý, konserwatiw ýollar hutlara üstünlik getirer. Olar batyrgaý synag geçirmäge het edip bilseler ýa-da nädogry zatlara bil baglasalar, ökünerler. Şeýle-de bolsa, ýyldyzlar hutlary döredijilikli çözgütlere gönükdirmeýär, olary diňe takyk hereket etmäge höweslendirýär. Konserwatiw çemeleşme olara diňe bir işde däl, aragatnaşykda we şahsy durmuşynda-da kömek eder.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama