BIZNES

13 ýylda Türkmenistanda 42,3 milliard manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda kabul edilen we il arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýip at alan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» durmuşyň köp ugurlaryny öz içine aldy ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Makalada hem görkezilişi ýaly, Maksatnamanyň amala aşyrylan ähli ýyllarynda ýurdumyz boýunça 42,3 milliard manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde (Kararlar bilen gurlanlary hem goşmak bilen) ýurdumyzda 68 hassahana, 145 saglyk öýi, 258 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 244 sany umumybilim berýän mekdep, 76 medeniýet öýi, 115 sport mekdebi, 73 sport desgasy, jemi 979 sany bina guruldy. Inženerçilik infrastrukturasynyň desgalaryny gurmakda hem düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Gurlup ulanmaga berlen suw geçirijileriň uzynlygy 10,2 müň kilometre, lagym geçirijileriňki 1,9 müň, awtomobil ýollarynyňky 4,9 müň, gazlaşdyryş desgalarynyň we geçirijileriňki 13,8 müň, elektrik geçirijileriňki 13,6 müň kilometre barabar boldy.

Şu döwürde 587 sany dik guýular gazyldy, 9 sany suw arassalaýjy desga we 10 sany kiçi göwrümli suw arassalaýjy guruldy.

Aragatnaşyk ulgamynda 29,6 müň kilometrlik telefon ulgamy çekildi, 625 müňe golaý telefon belgileri oturdyldy, 5,1 milliondan-da gowrak el telefonlary ýerlenildi.

Soňky 13 ýylyň dowamynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 11,6 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şolaryň 0,7 million inedördül metri döwlet eýeçiliginde, 8,9 million inedördül metri hususy eýeçilikde, 2,0 million inedördül metri bolsa ipoteka karzlaşdyrmasy boýunça amala aşyryldy.

 

“THY”: Türkiýä geljek ýolagçylar üçin maglumat

 

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy

Azerbaýjan, Hytaý we Gazagystan Baku portunda ýük terminalyny gurar

Ata Watan Eserleri

Akylly gaz toruny dolandyrmakda emeli intellekt mümkinçilikleri ulanylar

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş

Ata Watan Eserleri