BIZNES

12 sagatda 1,7 milliard dollarlyk önüm satdy

Hytaýly  “Dodak boýagynyň şasy” atly göni ýaýlym edýän blogçy mahabat aksiýasynyň çäginde 1,7 milliard dollarlyk önüm satdy.

Ol arzanladyş satuwyna bagyşlanan mahabat aksiýasy mynasybetli 12 sagat göni ýaýlymda şunyň ýaly netijäni gazandy. 3 hepdeden soň Hyýatda 11-nji noýabrda “Durmuş gurmadyklaryň” gününe bagyşlanan arzanladyş satuw möwsümi başlar.

Ostin Li Szýasi, Alibaba we Taobao internet sahypasynda başlajak söwdalara bagyşlanan möwsümden öňki göni ýaýlymyň çäginde 10,7 milliard ýuanlyk önüm satmagy başardy. Bu 1,7 milliard ABŞ dollaryny düzýär.

Alibaba söwda meýdany adatça söwda degişli netijelerini yglan etmeýär, ýöne “China Economic Daily” neşiri “Hongren Dianji” tejribe merkezi maglumatlary ýerleşdirýär.

Ostin Li Szýasinyň sözlerine görä, onuň göni ýaýlymy 250 milliondan gowrak tomaşaçy tarapyndan tomaşa edilipdir. Bu bolsa Taobao internet sahypasynyň işleýşinde kynçylyklara sebäp bolýar.

“Bloomberg” agentliginiň habaryna görä, satylýan önümleriň arasynda kosmetikadan başlap, “Apple” simsiz gulaklyklaryna çenli bardyr. Blogçynyň paýy, satylan önümleriň umumy bahasynyň 20 göterimini düzýär. Bu 340  million ABŞ dollarydyr.

“BioNTech” Afrikada sanjym öndürer

 

Ýene-de okaň

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Rus ilçisi: Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoly toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

Türkmenistanda SPECA hepdeligi geçiriler

Ata Watan Eserleri

SOCAR Azerbaýjanyň gazyny Awstriýa we Germaniýa ibermäge başlady