Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün ünsüňizi talap edýän möhüm meseleleriňizi çözmek üçin amatly mümkinçilik dörär. Işde we şahsy durmuşyňyzda düýpli ädimleri ädip bilersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen ara alyp maslahatlaşmak, teklip bermek we hyzmatdaşlyk etmek size peýdaly bolar. Şeýle hem täze başlangyçlar üçin amatly gün.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sabrly bolsaňyz günüňizi üstünlikli bolar. Işde çynlakaý çemeleşme talap ediler. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyzda üstünlik gazanarsyňyz. Güniň dowamynda täze mümkinçilikleriň açylmagy mümkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Duýdansyz habarlar işleriňizi tizleşdirip biler. Täze duşuşyklardan we söhbetdeşliklerden çekinmäň.Güniň ikinji ýarymynda peýdaly gatnaşyklary gazanyp bilersiňiz. Özüňize bolan ynamyňyzy saklamak möhümdir.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Maliýe we maşgala meselelerinde çynlakaý kararlary kabul etmeli bolarsyňyz. Pikirlenip hereket etseňiz netijeler sizi kanagatlandyrar. Şeýle hem güniň ikinji ýarymynda dynç almak üçin wagt tapmaga synanyşyň.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün käbir Esetlerde döredijilikli pikirler dörär. Işde öňe gitmek üçin täze mümkinçilikler peýda bolup biler. Güniň ikinji ýarymynda dost ýarlaryňyz bilen syýahat etmek üçin hem amatly gün.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler häzirki wagtda negatiw faktorlaryň köplenç gowulaşýandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şahsy we iş gatnaşyklarynda gaharlanma we dartgynlylyk töwekgelçiligi ýokarlanýar. Güniň ikinji ýarymynda işewürlik başlangyçlaryny yza süýşürmek iň gowusydyr.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Häzirki wagtda ýyldyzlar Mizanlara rahat bolmagyny maslahat berýär.Birnäçe päsgelçilikli gepleşikler meýilnamalaryňyza päsgel berip biler. Gündelik işleriňizde kynçylyklar ýokarlanar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Duýgularyňyz güýçlenip biler, şonuň üçin pikirlenip hereket etmek maslahat berilýär. Maliýe bilen baglanyşykly meselelerde seresaply çemeleşiň. Güniňizi gowy geçirmek üçin mümkinçilikler bar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Täze başlangyçlar, syýahatçylyk ýa-da bilim bilen bagly meýilnamalar üçin amatly gün. Bu güniňizi peýdaly geçirmäge mümkinçilik berýän teklipleri alyp bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymy size üstünlikleri getirer.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jogapkärçiligi talap edýän işler öňüňizde dur. Sabyrlylyk bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçip bilersiňiz. Işgärler ýa-da ýakynlar bilen gatnaşyklary gowulandyrmak üçin mümkinçilik bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün pikirleriňizi jemläp täze taslamalaryňyz barada üstünlikli kararlary alyp bilersiňiz. Täze duşuşyklar size ylham berer. Özüňiziň döredijilik taraplaryňyzy ösdürmek üçin bu gün gowy gün bolar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin bu gün emosional taýdan üýtgeşik bolmagy mümkin, ýöne dogry ýol bilen hereket etseňiz netijeler oňyn bolar. Maliýe we şahsy meselelerde seresaply boluň. Güniňizi rahat ýagdaýda tamamlamak maslahat berilýär.
