SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

11-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 11-nji awgustndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Çyndan isleseňizem zatlary soňa goýmaň. Hemme zady bitirmek üçin sabyr etmeli bolarsyňyz. Kiçijik zatlar bilen ünsüňizi sowmajak boluň esasy zada üns beriň. Ýakyn adamlaryňyz  size güýç we ylham bererler. Günüň ikinji ýarymynda Hamallaryň köpüsine agşam dostlary bilen duşuşmak üçin amatlydyr.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Käbir kyn meseläni öz üstüňize alyp bilersiňiz. Öň edip bilmedik zatlaryňyzy ýeňip geçmäge mümkinçilik taparsyňyz. Asyl pikirler peýda bolar we meýilnamalaryňyzy amala aşyrmaga kömek eder. Günüň ikinji ýarymynda zatlary tertibe salmak gereksiz zatlardan dynmak üçin gowy gün. Mundan başga-da Sowurlaryň köpüsine  ýakyn wagtda gowy habarlary alarlar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Irden köpden bäri garaşýan hoş habaryňyz bilen başlar. Bu ruhuňyzy göterer we bütin günüňize güýç berer. Jöwzalaryň  köpüsinde ýatda saklamaly gyzykly pikirler bolar. Soň bolsa  olary durmuşa geçirip bilerler.Günüň ikinji ýarymy çynlakaý gepleşikler üçin amatly. Işewürlikden şahsy gatnaşyklary we islendik meseläni ara alyp maslahatlaşmak mümkin bolar. Hiç kimi günäkärlemezden ýa-da göwnüne degmezden hemme zady çalt çözüp bilersiňiz.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Irden etmeli işleriňiziň  sanawyna ýene birnäçe zat goşmalydygyňyza göz ýetirersiňiz. Wagtyňyzy ýitirmeseňiz üstünlik gazanyp bilersiňiz. Emma başgalardan kömege  garaşmaly dälsiňiz. Güniň ikinji ýarymynda kem-kemden zerur zatlaryň hemmesine düşünersiňiz we köşeşersiňiz. Maşgala Seretanlary meýilnamalary garyndaşlary bilen ara alyp maslahatlaşmak gowy bolar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08) 

Umytsyz ýaly görünýän meselelere-de baş goşup bilersiňiz. Ilkinji üstünlikler size ylham berer, derrew dowam etmek islärsiňiz. Soňky  wagtda size peýdaly boljak adamlar bilen tötänleýin duşuşarsyňyz. Güniň ikinji ýarymynda Esetlere aç-açan gürleşmek we kyn meselelerini  çözmek üçin ajaýyp gün bolar. Ujypsyzja jedellerden, özara talaplardan gaça durmak mümkin bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Gün asuda we ölçegli geçer. Öý işlerini ýerine ýetirmek başlan zatlaryňyzy gutarmak we ownuk meseleleri çözmek üçin amatlydyr. Hiç zat hakda alada etmeli däl hemme zat isleýşiň ýaly bolar. Sünbüleleriň  köpüsi söwda etmek islärler. Öýüňiz üçin peýdaly zatlary şol sanda uly we gymmat zatlary satyn alyp bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Irden ownuk-uşak zatlar hakda alada edersiňiz. Şonuň üçin bu wagt çynlakaý karar bermezlik has gowudyr. Özüňizi gowy görýän adamlaryňyz  bilen ýakymly işler ýa-da aragatnaşyk bilen ünsüňizi sowmaga synanyşyň. Dostlaryňyz sizi begendirmäge synanyşarlar. Emma ilki bilen özüňizi kadaly ýagdaýa getirmek üçin edýän tagallalaryňyz möhümdir.Günüň ikinji ýarymynda bagtly tötänlikleri görersiňiz. Öň goýberilen käbir ýalňyşlyklary düzedip bolar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün batyrgaý we uly göwrümli taslamalara başlamak üçin amatly däl. Emma tanyş we belli meseleler bilen baglanyşykly problema bolmaz. Öý işlerini aňsatlyk bilen çözüp bilersiňiz zatlary tertipläp we gereksiz zatlardan dynyp bilersiňiz. Şol bir wagtyň özünde keýpiňizi  sazlap bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda Akraplaryň  köpüsinde gyzykly duşuşyklar we ýakymly aragatnaşyk bolar. Täze tanyşlar mümkin. Olarda gowwy  täsir galdyrarsyňyz. LÝBakynlaryňyz  size garaşylmadyk sowgatlary  etmäge synanyşarlar.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Täze bir zady öwrenip başlamak üçin ajaýyp gün. Siz ünsli bolarsyňyz we möhüm jikme-jiklikleri ýatdan çykarmarsyňyz. Ýalňyşlylardan gaça durmak köp mukdarda maglumatlary çalt ýatda saklamak we üýtgeşik endikleri özleşdirmek mümkin bolar. Bularyň hemmesi ýakyn wagtda hökman peýdaly bolar.Käbir Kowsuslar  uzak wagtlyk möhüm meselelerini çözüp bilerler. Maksadyňyza hökman ýetip  we ugurda möhüm öňegidişlik gazanyp bilersiňiz. Agşam sizi ýakymly habarlar bilen begendirer.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Öý işleri başda pikir edişiňizden has köp ünsi talap eder. Emma hemme zady etmäge we üstünlikli çözmäge wagtyňyz bolar. Käbir Jediledr  ýakynlaryna wagt sarp etmeli we birnäçe meseläni çözmäge kömek etmeli bolarlar. Siziň üçin eziz bolanlary goldap bilersiňiz we bu elbetde, gatnaşyklara peýdaly bolar. Köne düşünişmezlikler unudylar aragatnaşyk has köp şatlyk getirer.Size iş bilen baglanyşykly gyzykly teklip berilip bilner. Üns bilen pikirleniň we ähli şertleri aýdyňlaşdyryň. Tejribeli dostlaryň maslahatyny diňläň elbetde peýdaly bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Edilmeli köp zat bolar ýöne alada etmersiňiz ýa-da gaharlanmarsyňyz. Höwesiňiz meýilleşdirilen hemme zady ýeňip geçmäge hatda ýakynlaryňyza kömek etmägede ýol açar. Ugurtapyjylygy görkezip  täze bir zatlary etmäge çalşyň bu gaty peýdaly bolar. Daş-töweregiňizdäki adamlar pikirleriňizi goldaýarlar.Maşgala Daluwlary  gýakyn  garyndaşlary bilen has köp wagt geçirmeli. Munuň üçin mümkinçilikler peýda bolar. Aragatnaşyk köp oňyn duýgulary getirer.Agşam, ýakyn adamyňyz bilen möhüm zat hakda gürleşip bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 – 20.03)  

Möhüm meseleleri özüňiz çözüp bilersiňiz. Bu wagt guramaçylyk ukyplaryňyz doly açylar. Birnäçe çynlakaý meseläni çözmek mümkin bolar.Günüň birinji ýarymy wakalardan doly bolar, ikinji ýarymy has az bolar ýöne has hezil bolar. Hutlaryň  köpüsi köne dostlary bilen ýakynlaşmak üçin wagt tapmaly. Romantiki sene hem gowy geçer we size köp ajaýyp täsirleri berer.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama