SPORT

11 metrlik jerime urgusynyň ussady

Ispaniýanyň “Marca” neşiri 11 metrlik jerime urgularyny ýerine ýetirmekde ökde bolan futbolçylaryň sanawyny taýýarlady. Ol sanawda birinji orny Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň belgiýaly futbolçysy Eder Azar eýeledi. Belgiýaly futbolçy futbol durmuşynda 49 gezek 11 metrlik jerime urgularyny ýerine ýetirip, 7 gezek tapawutlanyp bilmedi. Onuň netijeliligi 88 göterime deňdir.

Ikinji orunda “Real Madridiň” fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema durýar. Şeýle hem üçünji orny Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kriştiano Ronaldo eýeledi.

“Barselona” toparynyň kapitany Lionel Messi bolsa bu sanawda 9-njy orunda galdy.

Sanaw şeýleräk:

  1. Eden Azar («Real») — 49 gezek (7 şowsuz; netijelilik 88%).
  2. Karim Benzema («Real») — 15 (2; 88%).
  3. Kriştiano Ronaldo («Ýuwentus») — 121 (22; 85%).
  4. Garri Keýn («Tottenhem») — 37 (7; 84%).
  5. Luis Suares («Barselona») — 40 (9; 82%).
  6. Mohammed Salah («Liwerpul») — 13 (3; 81%).
  7. Neýmar («PSŽ») — 51 (13; 80%).
  8. Serhio Aguero («Mançester Siti») — 46 (13; 78%).
  9. Lionel Messi («Barselona») — 89 (26; 77%).
  10. Antuan Grizmann («Barselona») — 17 (8; 68%).

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler