BIZNES

11 aýda 88 müň tonna duz gazylyp alyndy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzy Diýarymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň hatarynda durýar.

Ýurduň himiýa pudagynyň öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan bu ýerde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen on bir aýynda gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 88 müň tonnadan geçdi. Netijede, bellenilen meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi.

Aslynda, çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasy taýýarlanylýan nahar duzuny dünýäde dördünji, sebitde ilkinji bolup ýodlaşdyrmagy üstünlikli ýola goýan düzümidir. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň ygtybarly ýola goýulmagy Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň jedelsiz güwäsidir.

Öz işine ussat hünärmenleriň öndürijilikli zähmet çekýän kärhanasynyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli gowulanmagy balkanly duzçularyň gazanýan üstünliklerinde esasy orny eýeleýär. Olaryň hasabat döwründe bu mukaddes önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyrygy 158 göterimden geçirip amal etmekleri hem munuň aýdyň mysalydyr.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler