SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

10-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün aýratyn netijeli bolmasa-da, umumy ýagdaýda oňyn geçer.Säher bilen ýüze çykýan ideýalaryňyza  üns beriň. Bu wagty täze zatlary synap görmek islegi ýüze çykyp biler. Emma ähli zady derrew durmuşa geçirmegiň ýerine, ilki bilen pikirlenip ähli jikme-jiklikleri göz öňünde tutuň.Käbir Hamallar  sabyrly bolmaly. Intuisiýa size birnäçe gün soň meýilnamalaryňyzy amala aşyrmak üçin amatly pursadyň geljekdigini görkezýär, häzir bolsa diňe sabyr bilen garaşmak gerek.Güniň ikinji ýarymy syýahatlar we köne dostlar bilen duşuşmak üçin amatly bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar üçin bu gün   öý işleri we maşgala  meseleler üçin amatly bolar. Ähli zat isleýşiňiz ýaly  bolmasa-da, rahat ritimde hereket edip, aýratyn üns bermek islenýän işleriňize  üns berip bilersiňiz.Irden  işleriňiz  garaşyşyňyz  ýaly gitmez, ýöne bu ruhuňyzy bozmaz we meýilnamany üýtgetmez. Kiçi päsgelçilikler ýeňil çözülip bilner, intuisiýa nädip hereket etmelidigiňizi  görkezer. Eger ýalňyşlyklar ýüze çyksa, olary tiz düzetmegiň ýollaryny  taparsyňyz we ýakyn dostlaryňyz kömek ederler.Günün ikinji ýarymynda bilim almak ýeňil bolar; käbir Sowurlar üçin öň kyn görünýän işler aňsatlaşar. Şeýle-de döredijilik talap edýän işlerde üstünlik gazanyp bilersiňiz.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Gün köplenç üstünlikli bolar, işleri üstünlikli amala aşyryp bilersiňiz. Batyrgaý başlangyçlar size üstünlik getirer, ýöne kömek gerek bolanda öz döredijiligiňiz bilen üstünlik gazanarsyňyz. Amatly ýagdaý ýok bolsa, goldaw berjek adamlary taparsyňyz. Şeýle hem täsin teklipler we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ýüze çykyp biler.Güniň ikinji ýarymy söýgi gatnaşyklary üçin örän oňat: romantik duşuşyklar üstünlikli bolar, ýakyn adamlaryňyz üçin aýratyn sowgatlary  taýýarlap bilersiňiz. Täze tanyşlyklar hem oňyn täsir galdyryp biler, hatda täze romantik hekaýa başlap biler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Kiçi kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne agyr meseleler bolmaz. Öz mümkinçilikleriňizi dogry baha berip, diňe ýerine ýetirip biljek işleriňizi edersiňiz. Ýakyn adamlaryňyz  bilen gatnaşyklaryňyz pikir edişiňizden hem has gowy bolar, öňki düşünişmezlikler çözülip biler. Dostlaryňyz  bilen duşuşmak  üçin gowy pursatlar peýda  bolar. Şeýle hem täze tanyşlyklar ýüze çykyp biler.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda  bolar. Möhüm we üns talap edýän işler bilen meşgullanmak  has gowy  geçer. Ähli päsgelçilikleri ýeňip, soraglara jogap taparsyňyz we gerekli adamlardan goldaw alarsyňyz.
Güniň ikinji ýarymynda täze  tanyşlyklar mümkin. Şeýle hem  çärelere gatnaşýan Esetler üns merkezinde bolarlar.  Maliýe bilen baglanyşykly meseleleriňizde oňyn tendensiýalar höküm sürer.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Säher biraz dartgynly  geçer. Kiçijik jikme-jikliklere üns bermeýän we çalt karara gelmeýän Sünbüleler kyn ýagdaýlary ýeňip geçerler. Duýgulara berilmän, düşnüksiz ýagdaýlarda dogry hereket etmegi başararsyňyz.
Günüň ilkinji ýarymynda planlaşdyrylmaýan işleriň we satyn alyşlaryň öňüni almak maslahat berilýär. Maliýe bilen baglanyşykly islegler duýgurlygy  talap edip biler. Şeýle hem öň çözüp bilmekdik  meseleleriňiz  ýüze çykyp biler. Ýakyn adamlaryňyz  bilen gatnaşyklaryňyzy saklamak üçin sabyr we düşünişmek zerurdyr.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Ýyldyzlar bu gün  siziň tarapyňyzda  bolarlar. Riskli we ýalňyş hereketlerden gaça durarsyňyz. Karar kabul etmek zerur bolsa, sabyrly bolup, ähli mümkinçilikleri barlap, pikirlenip  karar kabul edersiňiz.
Güniň ikinji ýarymynda  käbir düşünişmezlikler ýüze çykyp biler, ýöne olary çäklendirmek mümkin. Täze tanyşlyklar hem peýdaly hyzmatdaşlyklara öwrülip biler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Sabyrly bolmaga çalyşyň. Bu gün käbir päsgelçilikler getirer, ýöne sowuk ganlylygyňyz bilen olaryň üstünden gelip ýalňyşlyklary düzetmek mümkin bolar.Şeýle hem ýakynlaryňyza   kömek etmek gerek bolar, bu kän güýjüňizi alar, emma netijesi  täsirli bolar. Pul bilen baglanyşykly meselelerde çalt karara gelmäň, ähli zady  seljerip karar bermek maslahat berilýär.Güniň ikinji ýarymynda syýahat ýa-da gezelenç peýdaly bolar. Amatly pursatlar we gysga wagtlyk maliýe girdejileri mümkin.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün Mizanlar üçin  hyzmatdaşlyk ýa-da täze taslamalar bilen baglanyşykly oňyn gepleşikler mümkin. Şahsy gatnaşyklarda ünsli bolmak zerur, täze tanyşlyklar bilen çalt ynanç we ymtylym riskli bolup biler. Iş meseleleriňizde  kiçi düşünişmezlikler ýüze çykyp biler.Emma sabyrlylyk ähli zady çözmekde  size kömek eder.Güniň ikinji ýarymynda syýahatlar we kiçi satyn alyşlar üstünlikli bolar, öňki ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşyk dikeldilip bilner.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Siz kynçylyklar bilen  ýüzbe-ýüz bolmakdan çekinmeýänlerdensiňiz. Gün kyn geçer, emma üstünlik gazanmak mümkinçiligi bolar.Möhüm işleriňizi öňki tanyşlaryňyzyň goldawyna eýerip amala aşyrmak ýeňil düşer. Şeýle hem resmi hatlar, soraglar ýa-da hyzmatdaşlyk teklipleri üçin amatly pursatlar  bolar. Pul bilen bagly uly harajatlar ýaramaz täsir edip biler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Gün üstünlikli geçer. Säher bilen işjeň we energiýa doly bolarsyňyz, birnäçe maksatlara ýetmek mümkin bolar. Kiçi päsgelçilikler we gijikmeler ýüze çykyp biler.Täze iş teklipleri we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ýüze çykar. Güniň ikinji ýarymynda köne dostlaryňyza  kömek etmek we maşgala meseleleriňiz  çözmek ýakymly bolar. Romantik duşuşyklar  hem üstünlikli geçer.
Hut (balyk 21.02 – 20.03) 
Gün birneme dartgynly geçer. Käbir wakalary has duýgurlyk bilen kabul edip bilersiňiz, bu bolsa adamlar bilen gatnaşygy kynlaşdyrar.Maliýe bilen baglanyşykly kararlarda çalt hereket etmän  tygşytly bolmak maslahat berilýär. Güniň ikinji ýarymynda  öý işlerine we ýakynlaryňyza  üns bermek maslahat berilýär.
Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

1-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri