SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

10-njy iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  10-njy   iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar mümkin boldugyça işjeň bolmaly. Näçe köp hereket etseňiz we bir zatlar etseňiz, günüňiz şonça-da öndürijilikli bolar. Inisiatiwany öz üstüňize almakdan gorkmaň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün okuwyňyza, bilime doly çümüp bilersiňiz. Kurslara giriň, kitap okaň, täze bir zat öwreniň. Sport çäreleri hem artykmaç bolmaz. Fiziki ösüşiňiz üçin wagt tapyň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Adamlar bilen mümkin boldugyça aragatnaşyk saklamaly. Olaryň arasynda siziň öňe gitmegiňize kömek etjek täsirli adam bolup biler. Maslahat soramakdan gorkmaň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar maşgalasy bilen mümkin boldugyça köp wagt geçirmeli. Uzak wagtlap hiç ýere gitmedik bolsaňyz, bu gün gezelenç etmegiň wagty geldi. Biri-biriňiz bilen edýän söhbetdeşligiňizden lezzet alyň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün esetler batyrgaýlyk bilen ýokary maksatlary goýup, olara ýetip biler. Siziň ykbalyňyzy alada edýän dostlaryňyz size kömek eder. Özüňize we güýjüňize ynanyň!

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sowurlar üçin şahsy ösüş nukdaýnazaryndan amatly gün bolar. Dowamly bilim kurslaryna ýazylyp bilersiňiz. Bu endikler geljekde size kömek eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ýakyn adamyňyz bilen gatnaşykda sazlaşyk tapyp bilersiňiz. Munuň üçin kän zat gerek däl. Söýgiňizi we aladaňyzy görkezseňiz ýeterlik bolar. Munuň öwezine siz yzyna has köp mähir alarsyňyz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bir ýagdaý sizi uzak wagt bäri biynjalyk edýän bolsa, ony çözmegiň wagty geldi. Ýyldyzlar size ýol görkezmegi wada berýärler. Bu gün ähli meseleleriň soňuna nokat goýup bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün içerki deňagramlylygy tapmaly bolarsyňyz. Ýoga we meditasiýa bu meselede size kömek eder. Näsazlygyň dowam etmegine ýol bermäň. Bedeniň “signallaryna” jogap beriň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler birneme kesgitli bolmak bilen gödek bolup bilerler. Emma bu gün siz diňe şeýle etmek bilen islendik işde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Bir ýerde oturmaň, herekete başlaň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün uzak wagtlap jedel eden adamlaryňyz bilen aragatnaşyk gurup bilersiňiz. Ýalňyşlyklaryňyzy tapmagyň, olaryň üstünde işlemegiň we arassa, asuda ýagdaý bilen öňe gitmegiň wagty geldi.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Şahsy durmuşyňyzdaky üýtgeşmelere garaşýarsyňyz. Ýeke bolsaňyz, öz ykbalyňyza duşup bilersiňiz, eýýäm gatnaşykda bolsaňyz, durmuş gurmak kararyna gelip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama