Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallaryň öňünde täze mümkinçilikler açylar. Iş meseleleriňizde öňden bäri çözgüt tapmadyk soraglaryňyzda öňe gidişlik gazanarsyňyz. Şeýle hem hyzmatdaşlyk teklipleri peýda bolup biler. Gün ikinji ýarymynda sabyrly bolmak maslahat berilýär.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu günki gün netijeli we durnukly geçer. Maliýe taýdan täze pikirler peýda bolup biler.Şeýle hem bu wagt möhüm kararlary çözmek üçin amatly wagt. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy gowulandyrmak üçin pursat döräp biler. Gün ikinji ýarymynda saglygyňyza ähmiýet beriň ujypsyzja ýadawlyk duýup bilersiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Jöwzalar üçin bu gün aragatnaşyk pikir edişiňizden hem has gowy bolar.Gowy habarlar almagyňyz, uzak wagtlap garaşan meseleleriňiziň çözülmegi mümkin. Işe degişli planylaryňyzda üstünlik gazanarsyňyz.Emma resminama işlerinde ünsli bolmak zerurdyr. Gün ikinji ýarymynda duşuşyklar, gepleşikler üstünlikli geçer.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin bu gün biraz aladaly başlasa-da, günortan aýdyňlaşma we rahatlyk getirer. Öý we maşgala meselelerinde täze çözgütler tapylar. Maddy taýdan garaşylmadyk çykdajylar bolup biler, ýöne uly oňaýsyzlyk döretmez. Ýakynlaryňyzyň goldawy güýç almagyňyza sebäp bolar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin döredijilikli we üstünlikli gün. Işde täze pikirleriňiz kabul ediler, ýolbaşçylaryň dykgatyna düşüp bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda hoş niýetli gürrüňlere, duýgy taýdan rahatlylyga garaşylýar. Gün ikinji ýarymy sport bilen meşgullanmak üçin amatly gün.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler bu günki gün has çuňňur pikirlenmeli bolarlar. Işiňizde jikme-jik seljerme talap ediler. Birnäçe möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz,. Gün ikinji ýarymynd ýakynlaryňyz ýa-da dost ýarlaryňyzdan gowy habarlary almagyňyz mümkin.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin deňagramly gün garaşýar. Şeýle hem täze tanyşlyklar dörap biler, şolaryň arasynda size peýdaly maslahat berip biljek adamlar hem bolar. Gün ikinji ýarymy işiňizdäki çylşyrymly meseleleriňizi ýuwaş-ýuwaşdan çözüp bilersiňiz.Duýgularda sabyr we ünslik maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akraplar üçin gün güýçli energiýa bilen geçer. Maksatlaryňyza ýetmek üçin täze ýol tapyp bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda bir mesele hakda möhüm gürrüň bolup biler açyk pikir alyşmak size ýeňillik getirer.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslar üçin täsirli gün garaşýar. Täze mümkinçilik, täze iş teklibi ýa-da ösüş üçin ädim bolup biler. Syýahatçylyk, bilim ýa-da daşary ýurtlar bilen baglanyşykly meselelerde üstünlik gazanarsyňyz..
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bu gün işjeň we netijeli bolar. Öňden bäri çözüp bilmeýän meseleleriňizi çözüp bilersiňiz. Maliýe taýdan oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Şeýle hem ýolbaşçylaryňyzyň goldawy ýokarlanar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Täze maglumatlar peýda bolar.Dostlaryňyz bilen gatnaşyklarda üstünliklere garaşylýar. Işiňizde tehnologiýa ýa-da döredijilik bilen bagly taslamalarda üstünlik gazanyp bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin duýgu taýdan ýumşak, emma jogapkärli gün. Maşgala meselelerinde size ýüzlenip bilerler, olaryň hemmesine düşünişmek bilen çemeleşmek maslahat berilýär. Işiňizdäki täze pikir üstünlikli başlap biler. Güniň ikinji ýarymy yza süýşürip ýören işleriňizi tamamlamak üçin amatly wagt.
