Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Işewürlik ulgamynda gyzykly mümkinçilikler açylmagy mümkin. Hemme zat aňsat bolmaz, emma siz özüňiziň çalt oýlanmak we adaty bolmadyk çözgütleri tapmak ukybyňyz bilen ähli tabşyryklary ýerine ýetirersiňiz. Siz çalt we batyrgaý hereket etmegi makul bilersiňiz, uzak oýlanmaga wagt sarp etmersiňiz. Güniň ikinji ýarymy  esasan karýerada ösüş isleýän Hamallar üçin has-da üstünlikli bolar. Olar möhüm taslamalary ösdürip bilerler, peýdaly gatnaşyklary ýola goýup bilerler we ýolbaşçylaryň goldawyny gazanyp bilerler. Käbir kararlaryňyz meýilleşdirilen netijelerden biraz tapawutly bolup biler, emma siz ýagdaýlara tiz uýgunlaşyp, hatda garaşylmadyk ýagdaýlardan hem peýda taparsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Alada etmäge sebäp ýok  ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar. Ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar we köp ugurda üstünlikler mümkin. Wakalar siziň isleýän ugruňyzda öser, kyn diýip görlen meseleler bolsa kem-kemden çözülip başlar. Siz mümkinçilikden peýdalanyp, möhüm maksatlara ýetersiňiz.Günüň başynda maliýe ýagdaýy örän gowy bolar. Dürli çeşmelerden girdeji gelip biler, goşmaça iş ýa-da garaşylýan serişdeler peýda bolup biler. Bu serişdeleri dogry peýdalanmak we uzak möhletli maýa goýumlaryny pikir etmek maslahat berilýär.Günüň ikinji ýarymynda käbir ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler. Emma siziň sabyrlylygyňyz we sowukganlylygyňyz dogry çözgüt tapmaga kömek eder. Siz ýagdaýlara ähli tarapdan seredip, dogry netijä gelerisiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün käbir kyn ýagdaýlar ýüze çykyp biler, möhüm kararlary kabul etmeli bolmagyňyz mümkin. Ähli jogapkärçiligi ýeke özüňize almaň, maslahat soramakdan çekinmäň.Işdeşler we ýolbaşçylar bilen gürrüňde saklanmak möhümdir. Şu gün resmi stilde gürleşmek has gowy bolar. Nädogry düşünilmegi mümkin bolan degişmelerden gaça duruň.Şahsy gatnaşyklarda ýagdaý has gowy bolar. Siz duýgularyňyzy açyk aýtmak islersiňiz we bu gatnaşyklara ynamy güýçlendirer. Dogruçyllyk we açyklyk gatnaşyklary has-da berkider.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Sabyrly boluň we ownuk jikme-jikliklere üns beriň. Işde üstünlik gazanmagyň esasy açary  ölçegli we oýlanyşykly hereket etmekdir. Howlukmaň.Duşuşyklarda köp diňlemäge synanyşyň, az gürläň. Gizlin maglumatlary wagtyndan öň paýlaşmaň.Maliýe ýagdaýy durnukly bolar, emma uly çykdajylardan saklanmak gerek.Şahsy gatnaşyklarda ýakymly üýtgeşmeler bolup biler. Täze we gyzykly pikirler dörär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Gün ýeňil bolmasa-da, örän peýdaly bolar. Käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler, emma siz dogry wagtda dogry ýerde bolmak ukybyňyz bilen üstünlik gazanarsyňyz.Işde uly mümkinçilikler açylyp biler. Siz uzak wagt pikir eden taslamalaryňyzy durmuşa geçirip bilersiňiz.Maliýe taýdan durnuklylyk bolar, emma uly çykdajylardan saklanmak maslahat berilýär.Günüň ikinji ýarymynda döredijilik güýçli bolar, täze pikirler dörär.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň köp bölegi başgalaryň meselelerini çözmäge sarp edilip bilersiňiz.Emma duşuşyklar hem örän  üstünlikli bolar, maliýe meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp bilersiňiz. Ýönee derrew girdeji bolmaz emma gelejekde peýda getirer.Günüň ikinji ýarymynda  täze tanyşlyklar mümkin. Romantik gatnaşyklar üçin bolsa sabyr gerek bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün sizden sabyr, durnuklylyk we ünsli hereket etmek talap ediler. Nämäniň üstünde işleýändigiňize garamazdan, netije derrew gelmez. Käbir işlerde üstünlik gazanmak üçin birnäçe gezek synanyşmak ýa-da dürli usullary ulanmak zerur bolup biler. Şeýle ýagdaýda ýadawlyga ýa-da howsala düşmäň siz dogry ýoldasyňyz.Bu döwürde öz güýçleriňize diňe bir daýanmak hökman däl. Tanyşlaryňyz, dostlaryňyz we işdeşleriňiz siziň üçin örän möhüm goldaw çeşmesi bolup biler. Eger-de siziň tejribäňiz ýetmeýän ýagdaý ýüze çyksa, maslahat soramakdan çekinmäň. Dogry maslahat siziň wagtyňyzy hem, güýjüňizi hem tygşytlap biler.Pul meselelerinde seresap bolmak maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün siziň üçin iki tapgyrdan ybarat bolar, şonuň üçin güýjüňizi dogry paýlamak örän möhümdir. Günüň birinji ýarymynda iş we hyzmatdaşlyk bilen bagly ýagdaýlar biraz kyn bolup biler. Käbir düşünişmezlikler ýüze çykmagy, pikirleriň gabat gelmezligi ýa-da gepleşiklerde garaşylýan netijä ýetmek kynlaşmagy ähtimal. Şonuň üçin möhüm duşuşyklary, giňişleýin maslahatlary ýa-da çylşyrymly meseleleriň çözgüdini irki wagtda meýilleşdirmekden gaça durmak maslahat berilýär.Emma günortadan soň ýagdaý düýpgöter üýtgär. Adamlar bilen aragatnaşyk has ýeňilleşer, pikirleriňize düşüniler we siziň teklipleriňize goldaw berler. Bu döwür iş duşuşyklary, täze hyzmatdaşlyklar we möhüm maglumatlary almak üçin örän amatly bolar. Siz öz pikiriňizi ynamly beýan edip bilersiňiz we ol başgalar   tarapyndan kabul ediler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)    
Bu gün siziň üçin diýseň üstünlikli we öndürijilikli gün bolar. Irden başlap güýç we ynam duýarsyňyz, şonuň üçin kyn we jogapkärçilikli işleri çekinmän ýerine ýetirip bilersiňiz. Islendik iş siziň üçin aňsat ýaly görüner, hatda öň kyn diýlip hasaplanan taslamalary hem üstünlikli tamamlap bilersiňiz.Işde üstünlik gazanmak üçin giň mümkinçilikler açylar. Siziň zähmetiňiz, jogapkärçiligiňiz we kyn ýagdaýlarda dogry çözgüt tapmak ukybyňyz ýolbaşçylaryň ünsüni çeker. Bu gün özüňizi gowy tarapdan görkezmek üçin örän amatly pursatdyr. Siz ygtybarly we ukyply işgär hökmünde abraýyňyzy has-da güýçlendirip bilersiňiz.Şeýle hem bu gün çykyşlar, prezentasiýalar we köpçüligiň öňünde çykyş etmek üçin örän amatlydyr.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün sizden sabyrlylyk we durnuklylyk talap eder. Käbir kyn ýagdaýlar ýüze çykyp biler we bu ýagdaýlar içki rahatsyzlyk döredip biler. Şeýle kynçylyklaryň bir bölegi siziň ownuk ýalňyşlyklaryňyz ýa-da käbir jikme-jikliklere ýeterlik üns bermändigiňiz sebäpli ýüze çykmagy mümkin. Emma bu ýagdaýlary düzetmek üçin mümkinçilik bar we siz muny başararsyňyz.Şeýle hem pikirleriň gapma-garşylygy ýüze çykyp biler. Siziň garaýyşlaryňyz bilen beýleki adamlaryň pikirleri gabat gelmezligi mümkin. Günüň ikinji ýarymynda
şahsy gatnaşyklarda bolsa ýagdaý has oňyn bolar. Agşam romantiki duşuşyklar ýa-da ýakyn adam bilen ýakymly wagt geçirmek üçin amatlydyr.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Günüň başy biraz kyn bolup biler. Ünsüňiz ýygy-ýygydan bölünip biler, möhüm zatlary ýatdan çykarmak ýa-da ownuk ýalňyşlyklar goýbermek ähtimallygy bar. Hatda adaty işleri hem ýerine ýetirmek üçin has köp güýç sarp etmeli bolarsyňyz. Şeýle ýagdaýlarda howsala düşmezlik möhümdir.Ýakyn adamlaryň we işdeşleriň goldawy siziň üçin örän peýdaly bolar. Olar size ýalňyşlyklary düzeltmäge kömek ederler we kyn meseleleri çözmekde ýanyňyzda durarlar. Kömek soramakdan çekinmäň, sebäbi bu ýagdaýda hyzmatdaşlyk üstünlik getirýär.Günüň ikinji ýarymy bolsa has ýakymly geçer. Energiýaňyz artar, keýpiňiz gowulaşar we täze tanyşlyklar peýda bolup biler. Käbir duşuşyklar diňe hoş wagt geçirmek üçin däl, eýsem geljekde peýdaly gatnaşyklary döretmek üçin hem möhüm bolup biler.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün işleriňizde öz ritmiňizi saklamak örän möhümdir. Başgalar howlukmaga mejbur edip bilerler, emma siz özüňize amatly tempde hereket etseňiz has gowy netijelere ýetersiňiz. Howlukmaçlyk ýalňyşlyklara sebäp bolup biler, şonuň üçin her ädimi oýlanyşykly etmek maslahat berilýär.Aragatnaşyklar örän üstünlikli bolar. Siz adamlar bilen aňsat dil taparsyňyz, goldaw alarsyňyz we peýdaly maglumatlara eýe bolarsyňyz. Käbir maglumatlar geljekki taslamalaryňyz üçin örän möhüm bolup biler.Şonuň üçin diňlemäge we üns bermäge taýýar boluň.Şahsy gatnaşyklarda hem ýagdaýlar durnukly we ýyly bolar. Maşgala agzalary bilen düşünişmek aňsat bolar, käbir möhüm meseleleri bilelikde çözmek mümkin bolar.