JEMGYÝET

Aşgabat şäherinde ulaglaryň hereketi çäklendiriler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki wagtda barha ösýän we özgerýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görmek we ony dabaraly belläp geçmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Bu barada “metbugat.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.
Ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda baş şäherimizde ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy günlerinde paýtagtymyzda hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Şäheriçi awtobus ugurlary: Haýsy ugurlar hereket edýär?


Geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini, arassaçylyk kadalaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bu ekologik çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Paýtagtymyzyň abadançylygyna goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.

Türkmenistana COVID-19 ýokanjyna garÅŸy “СоrоnаVас” sanjymy geldi

10-25-nji maý aralygynda ekologik çäre guralýar

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri