Halkara kofe güni indi birnäçe ýyl bäri dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýän baýramçylyklaryň biridir. Bu şanly sene Halkara Kofe Guramasy tarapyndan 2015-nji ýylda Milanda ilkinji gezek geçirildi. Bu senede dürli görnüşdäki kofe içmek ýaly çäreler ýokary guramaçylykly guralýar. Onda dürli görnüşdäki kofeler taýýarlanyp, baýramçylyga gatnaşýanlara hödür edilýär. Kofeniň birnäçe görnüşleriniň bardygy hemmä mälim bolsa gerek. Olaryň arasynda türk kofesi, espresso, amerikano, kappuçino, latte ýaly görnüşleri has-da meşhurdyr. Kofe şeýle köp mukdarda sarp edilýär, dünýäde iň uly söwda edilýän 2-nji harytdyr. Kofe suwdan soň iň söýgüli içgimizdir. “Acorn” maýa goýum programmasy tarapyndan 2016-njy ýylda geçirilen gözlegiň netijesine görä, ortaça bir amerikaly her ýyl kofe üçin 1100 dollar sarp edýär. Halkara kofe guramasy 1963-nji ýylda London şäherinde döredildi.
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!