Hormatly okyjylarymyz!
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Häzirki wagtda ýyldyzlaryň tertibi hamallar üçin amatsyz. Keseliň ýa-da şikes ýetmegiň uly howpy bar, şonuň üçin seresap boluň we özüňizi goraň. Garaşylmadyk maliýe çykdajylaryny çekmeli bolmagyňyz mümkin. Ýöne bu ýagdaýda-da ýakynlaryňyzy ünsden düşürmeli däldigini ýatdan çykarmaly dälsiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hemme tarapdan hoşniýetli gün. Göz öňünde tutulan maksadyňyza barýan ýolda ähli synaglary we päsgelçilikleri ýeňip geçip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, ýyldyzlar saglygyňyza howp salýandygyny görkezýär. Fiziki we nerw agramlyklarynyndan, howply hereketlerden, kesgir ýa-da güýç gurallary bilen işlemekden, ulagy çalt sürmekden gaça duruň. Bu wagt özüňize dynç bermek juda zerurdyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Günüň aladalary aýgytly hereketlerden doly bolar. Ýoldaşyňyzyň biwepalygy bilen baglanyşykly çaknyşyklardan ýa-da kynçylyklardan gorkmaň. Ýagdaýa gaty anyk we aýdyň düşünip, dogry çözgüt tapyp bilersiňiz. Özüňize, öz pikiriňize ynanyň.
Bula-bujar, düşnüksiz gün. Häzirki wagtda üstünlik we şowsuzlyk biri-biriniň ornuny tutar. Dostlar bilen gatnaşyklardaky kynçylyklar, şahsy durmuşda lapykeçlikler bolup biler. Şeýle-de bolsa, şahsy meselelere kän üns bermeli däl – ýakyn wagtda hemme zat gowy bolar. Ýakynlaryňyzyň göwnüne degmäň – duýgurlygyňyza we umumy düşünjäňize ynanyň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň birinji ýarymy amatsyz – ownuk zatlar we düşünişmezlikler sebäpli gaharlanmak, islegleriňiziň we meýilnamalaryňyzyň amala aşmagyny bökdär. Häzirki wagtda ýakyn adamyňyz bilen düşünişmezlikler we dawa-jenjeller hem aradan aýrylmaýar – ýadawlyk we aşa duýgurlyk mümkin. Täze, gyzykly we peýdaly tanyşlyklary açyp bilersiňiz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Şahsy durmuşyňyzdaky kynçylyklara ýa-da siziň üçin amatsyz iş üýtgeşmelerine taýyn boluň. Dolandyryş bilen bolup biljek gapma-garşylyk gaty ähtimaldyr. Erbet habarlar, deňagramlylygy taşlap, keýpiňize ýa-da durnuklylygyňyza zyýan ýetirip biler. Dowamly ýadawlyk sebäpli saglyk birneme ýaramazlaşar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün şertnamalaryň we kagyz resminamalarynyň, maliýe amallarynyň baglaşylmagy üçin amatlydyr. Maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar we düşünişmezlikler ähtimal. Aladalaryňyzy başga biriniň egnine geçirmäge synanyşmaň. Sizde eýýäm taplanan duýgurlyk, krizis ýagdaýyndan çykalga tapmaga kömek eder. Bu gün keselleseňiz ol uzak we kyn bolar, kynçylyklar bolup biler. Özüňiz hakda alada ediň.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Häzirki wagtda täze girdeji çeşmeleri açylar ýa-da hünär işjeňligini üýtgetmäge mümkinçilik dörär. Garyndaşlaryňyzyň we dostlaryňyzyň maslahatyny göz öňünde tutmasaňyz, dogry çözgüt tapyp bilersiňiz – hemme zady özüňiz çözüň. Günüň ikinji ýarymynda gapma-garşylyk bolup biler. Emma siz özüňizi dürsäp, özüňizi alyp baryş taktikaňyzy üýtgetseňiz, ähli zat siziň peýdasyna çözüler.
Taýýarlan: Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby