JEMGYÝET

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni

1-nji iýunda dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu gazna ony esaslandyryjy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Gaznanyň milli we daşary ýurt pulunda açylan bank hasaplaryna raýatlardan hem-de ýuridik taraplardan yzygiderli ýagdaýda pul serişdeleri gelip gowuşýar. Olar çagalara tölegli lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň doly derejeli dynç almagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki degişli hajatlara gönükdirilýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, olar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagy üçin maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy