SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

1 million doza sanjym biderek boldy

Nigeriýada möhleti geçen “AstraZeneca” sanjymynyň 1 million 66 müň dozasy ýok edildi.

Nigeriýanyň hökümeti “Covid-19”-a garşy göreşiň çäginde ýurda iberilen “AstraZeneca” sanjymynyň 1 million 66 müň dozasyny ýok etdi. Azyk, derman serişdelerini dolandyrmak we gözegçilik merkeziniň (NAFDAC) müdiri Mojisola Adeýeýe 11-19-njy oktýabrda ýurda iberilen “AstraZeneca” sanjymynyň 2,6 million dozasynyň köpüsiniň möhletiniň geçendigini aýtdy.

Adeýeýe möhleti geçen “AstraZeneca” sanjymynyň 1 million 66 müň dozasynyň ýurtda ýok edilendigini belläp, “Birnäçe synagdan soň sanjymy ýok etmek kararyna gelindi. Nigeriýalylary zyýandan goramak üçin olary ýok etmeli” -diýdi.

Nigeriýanyň Milli saglyk hyzmatlary guramasynyň (NPHCDA) müdiri Faýsal Şuaib metbugata beren beýanatynda hökümetiň sanjymlary indi gysga möhleti bilen kabul etmejekdigini aýtdy.

Nigeriýanyň saglyk ministri Osagie Ehanire geçen hepde beren beýanatynda: “Geçen aý raýatlara bir milliondan gowrak köne Covid-19 sanjymynyň berlendigi” baradaky aýyplamalary ret edipdi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Afrika kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (Afrika CDC), Global sanjym birleşigi (GAVI) we saglyk toparlary bilen bilelikde 29-njy noýabrda beren beýanatyna görä, Afrika ýurtlaryna berlen “Covid-19” sanjymlary azyndan 10 hepde ulanmak möhletiniň bolmagy gerekdigini mälim edipdi.

 

Ferran Torres “Barselona” geçýär

Ýene-de okaň

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy