TEHNOLOGIÝA

1 günde 3 smartfony satlyga çykardy

“Vivo” kompaniýasy şu ýyl diňe 5G ulgamy birikdirilen akylly telefonlar bilen işlemegini dowam edýär. Şeýle maksatlar bilen öňe barýan kompaniýa düýn “Vivo X50”, “X50 Pro”, we “X50 Pro +” akylly telefonlaryny, ýagny, 1 günde 3 sany smartfony satuwa çykardy.

Akylly telefonlaryň ekrany 6.56 dýuýmlyk AMOLED ekrany bilen üpjün edilendir. Olaryň içinde “X50 Pro”, we “X50 Pro +” smartfonlarynyň ekrany üýtgeşik bolmagy bilen tapawutlanýar. Olaryň batareýalarynyň zarýad saklaýyşy 4200 mAh-dan ýokarydyr.

“X50” akylly telefonynyň agramy bary-ýogy 173 gram, galyňlygy 7,49 mm barabar. Şol bir wagtyň özünde “X50 Pro”-nyň agramy 181,5 gram, galyňlygy 8.04 mm deňdir

Ýene-de okaň

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler

“Tesla” dünýäde iň iri elektromobil öndürijisi derejesini ýitirdi

“Gorogly.com” topary täze “Howamaglumaty.com” taslamasyny hödürledi

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady