SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

09-njy Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 09-nji maýdaky  täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Irden keýpiňiz gowy bolar we bütin gün üstünlikli boljakdygyny wada berýär. Gezelenç edip dostlaryňyza we garyndaşlaryňyza baryp bilersiňiz. Bu gün garyndaşlar bilen aragatnaşyk saklamak üçin has köp wagt sarp etmeli bu hemme taraplaýyn ýakymly we peýdaly bolar. Uly göwrümli taslamalary kabul etmezlik has gowudyr ýöne ownuk gündelik meseleler çalt we aňsat çözülip bilner.Maşgala Hamallary ýakynlary bilen möhüm meseleleri arkaýyn ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar. Gepleşik konstruktiw bolar we her kimiň göwnünden turjak çözgütleri tapmaga mümkinçilik bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Adaty bolmadyk pikirleri durmuşa geçirmegiň wagty geldi. Jedelli temalary beýlekiler bilen ara alyp maslahatlaşmazlyk maslahat berilýär.Sowurlaryň köpüsi tötänleýin gahar-gazap ýa-da dawa döretmezlik üçin garyndaşlary bilen aýratyn ünsli bolmaly. Ýöne  siziň gowy pikirleriňiz islendik zatlary düzetmäge  kömek eder.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün ownuk meselelere üns bermeli däl. Käwagt gaharlanarsyňyz we negatiw duýgulara garşy durmak kyn bolar. Jedellerden gaça durmak üçin özüňizi dolandyrmaga synanyşyň. Ýakyn  garyndaşlaryňyz bilen aragatnaşyk saklanyňyzda aýratyn seresap boluň. Hemmeler bilen ýaraşyk baglaşyp bilersiňiz ýöne dawa-jenjeliň öňüni almak gatnaşyklary dikeltmekden has gowudyr.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Irden gowy bolar we beýlekiler bilen umumy dil tapmak adatdakysyndan has aňsat bolar. Şonuň üçin adamlar bilen gatnaşygy talap edýän meselelere üns bermelidir. Jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak we garyndaşlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin gowy gün.Şeýle-de bolsa käbir ýaş Seretanlar  aşa hyjuwly we gaharjaň bolup biler. Bu alamatyň wekilleri asuda bolmaga we gyssagly netije çykarmazlyga synanyşmalydyrlar şonda töweregindäkiler bilen gowy gatnaşyk saklap bilerlersiňiz. Agşam asuda gurşawda maşgala agzalary ýa-da ýakyn dostlaryňyz bilen bile bolmaly.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Irden meýilleşdirilen işleriňizi haýal etmän başlamak has gowudyr. Hemme zat aňsat we çalt netije berer. Beýleki adamlar bilen hyzmatdaşlygy talap edýän meseleler hem azajyk kynçylyksyz çözüler. Maşgala Esetleri öý işlerine ideg etmeli bolarlar. Tertibi dikeldip we ownuk öý meselelerini çözüp bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Dostlaryňyzyň we garyndaşlaryňyzyň öňünde abraýyňyz artar köpler siziň sözleriňizi has ünsli diňläp başlar. Bu gün çykyşlar we medeni çärelere baryp görmek üçin amatly bolar. Uly göwrümli işleri şu gün başlamazlyk has gowudyr ownuk telekeçilik meselelerini çözmeklik maslahat berilýär.Käbir Sünbüleler maşgala agzalarynyň şahsy meselelere adatdakysyndan has ýygy-ýygydan goşulýandygyny görer. Şeýle ýagdaýlarda köşeşmek möhümdir.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Siziň üçin möhüm biri bilen dawa etmezlik üçin irden aragatnaşygy çäklendiriň. Özüňiz bilen ýeke boluň şonda gün her tarapdan amatly bolar. Soňky wagtda güýçlenmegi we işjeň hereket etmek islegini duýarsyňyz. Käbir işler fiziki güýç ulanylmagyny talap edip biler. Bu gün gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin gowy gün.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Syýahata gidip bilersiňiz esasanam gowy bolar. Okamak bilen meşgullanýan Akraplar  köp mukdarda maglumat siňdirmek we iň çylşyrymly mowzuklara düşünmek üçin gowy mümkinçiliklere eýe bolarlar.Siziň özüne çekijiligiňiz hatda nätanyş adamlar üçinem äşgär bolar. Şonuň üçin agşam uly kompaniýalara baryp görmek üçin amatlydyr.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Bu gün  meýilleşdirilen meseleleriň üstünde durup bolar, ýöne şu gün aýratyn çynlakaý karar bermezlik has gowudyr. Şeýle hem bu gün öý işleri üçin amatly bolar öňden başlan zatlaryňyzy gutararsyňyz we tertibe salarsyňyz. Ýakynlaryňyz size aýratyn üns bererler peýdaly maglumatlary paýlaşyp bilerler ýa-da bir zada kömek edip bilerler. Käbir Kowuslar  garaşylmadyk girdeji ýa-da sowgat alarlar.Günüň ikinji ýarymynda dostlaryňyz bilen gezelenje gidip bilersiňiz.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Esasanam täsirli we ejiz bolarsyňyz. Bu size düşünmäge we beýlekiler bilen düşünişmäge päsgel berip biler.Adaty zatlaryňyzy etmek gündelik durmuş bilen wagt geçirmek, güýmenje bilen meşgullanmak ýa-da gezelenje gitmek gerek bolar. Çynlakaý meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny soňa süýşürmek has gowudyr. Uly çykdajylardan gaça duruň gyssagly maliýe kararlaryna almajak boluň.Maşgala Jedileri ýakynlary bilen wagt geçirmek has gowudyr. Az gürläň has köp diňläň şonda islendik dawa-jenjeliň öňüni alarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Käbir senetçilik ýa-da ownuk abatlaýyş işleri üçin amatly pursat. Ýöne garaşanyňyzdan has köp pul sarp etmezlik üçin söwda etmekden saklanmaly.Bu gün dostlukly we maşgala gezelençleri myhmanlary çagyrmak we maşgala bilen aragatnaşyk gurmak üçin amatlydyr. Täze tanyşmak isleýän Daluwlar üçin ajaýyp mümkinçilikler açylar. Geljekde ýakyn adamyňyz ýa-da ygtybarly dostuňyz bilen duşuşmak mümkinçiligi bar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Gaty şübheli we täsirli bolmasaňyz gün gowy geçer we köp oňyn zatlar getirer. Dogry gündelik meseleleri çözmäge belli bir wagt sarp edilmeli. Ýöne  ünsüňizi çekmeseňiz hemme zady garaşanyňyzdan  has çalt ýerine ýetirersiňiz. Gymmat bahaly satyn almalary yza süýşürmek has gowudyr.Käbir Hutlar iş gatnaşyklaryny romantik gatnaşyklara öwürmäge mümkinçilik alar. Umuman aýdanyňda bu gün şahsy durmuşyňyzda ýakymly garaşylmadyk zatlar getirer.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama