Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 9-njy iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz
Ýyldyzlar size ajaýyp, söýgüden we owadan sazlaşykdan doly güni wada berýär! Şatlanmak üçin anyk sebäpler bolmasa-da, ony doly duýup bilersiňiz. Kimdir biriniň ýylgyryşy, seredişi, yşaraty hamallary bagtly edip biler. Şeýle hem bu gün ýeke hamallar geljegi uly boljak ýakymly romantik tanyşlyk açmaklary mümkin. Hamallaryň ýakyn adamy bar bolsa, bu güni tutuşlygyna bilelikde geçirmeli.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar bu gün täze taslamalary kabul etmeli däl – hemme zadyň ýalňyş ýola gitmek ähtimallygy bar. Bu güni ýakyn adamyňyza, dostlaryňyza bagyşlamak, hiç zat etmän bagtly bolmak ýa-da söwda etmek, dynç almak ýaly durmuşyň ýönekeý lezzetleri üçin amatlydyr. Iş bilen baglanyşykly zatlar welin sowurlara bu gün başartmaz. Hemme zat tersine bolar. Şonuň üçin ýyldyzlar sowurlara iň gowy başarýan zatlaryny etmegi maslahat berýärler. Ol bolsa, diňe ýaşamak we durmuşdan lezzet almakdyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar bu gün ajaýyp gürrüňdeş bolarlar. Haýsydyr bir mesele boýunça beýlekileri ynandyrmak, ýa-da gyzykly başdangeçirmäni gürrüň bermek size diýseň gowy başardar. Jöwzalaryň höwesliligi töweregindäkilere-de ýokuşar. Bu gün, jöwzalar ideýalary, fantastikligi sebäpli özüne çekiji bolarlar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Köp serişdeleri talap edýän uly pikirler seretanlaryň kellesine wagtal-wagtal gelip biler, ýöne ýyldyzlar olary durmuşa geçirmäge synanyşmagy maslahat bermeýärler. Çünki bu gün seretanlaryň kellesine bütinleý akyla sygmajak ideýalaryň gelmegi mçmkin. Mysal üçin, diwarlara gülgüne reňk bermek, uly akwarium gurmak ýaly pikirler. Ýöne bu pikirleri düýbünden inkär etmek hem bolmaz. Gowusy, olary başga güne goýuň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetleriň güni duýgulardan doly bolar! Olara bu gün aglamak ýa-da gülmek aňsat bolar, hatda ikisem bäş minudyň aralygynda bolup biler. Daş-töwerekdäkilere, hatda iň ýakyn adamlara-da esetleriň rahatsyz keýpine garşy durmak aňsat bolmaz. Şeýle-de bolsa, esetler bu gün özüni bir ýere jemlese, güýçli duýgular onuň ýaragyna öwrülip, päsgelçilikleri ýeňip geçmegi başararlar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler ähli meselelerde, esasanam maliýe işlerinde has seresap bolmaly: ýalňyşlyklar bolup biler. Sünbüleleriň käbir meseleleri çözmek üçin ýeterlik maglumatynyň bolmazlygy mümkin. Abraýyňyza we gapjygyňyza zyýan ýetirmezlik üçin, siz juda pikirlenip hereket etmelisiňiz. Şonuň üçin-de tejribesi has uly bolan adamlar bilen ätjek ädimiňizi maslahatlaşsaňyz gowy bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlar bu gün hiç hili möhüm karar bermeli däldirler ýa-da jogapkärli ädim ätmeli däldirler. Şol sebäpli, mizanlara haýsydyr bir ideýa ajaýyp, derrew ýerine ýetirilmegini talap edýän ýaly görünse-de, ýyldyzlar size birnäçe gün garaşmagyň has gowudygyny ýatladýarlar. Umuman, gün gaty gowy – mizanlar häzir durmuşdan arkaýyn lezzet alyp, möhüm kararlary we meýilnamalary bolsa, has gowy wagta çenli goýup bilerler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar, başgalara ýük bolmazlyk üçin mümkin boldugyça berklik görkezmeli bolarlar. Ýolbaşçylar ýa-da kärdeşler tarapyndan akraplara bu gün möhüm tabşyryk berilip bilner, ýa-da olar jemgyýetçilik çärelerine gatnaşarlar. Şonuň üçin-de akraplar ähli zatlardan öňünden sypaýyçylykly ýüz öwürmek üçin “ýok” diýmegi öwrenmeli.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Kowuslar haýsydyr bir synaga sezewar bolup bilerler. Olaryň özüne çekiji teklip almaklygy ýa-da täze tanyşlyklary açmagy ähtimal. Bu gün kowuslar öz isleglerine garşy göreşmeli bolarlar. Nebsiňize “Haý” diýmegi başarsaňyz, köp ýerde ýeňiş gazanarsyňyz. Ýyldyzlar kowuslara ähli meselelerde taraplary üns bilen ölçemegi maslahat berýärler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Ýagdaý jedilerden hünär ussatlyklaryny doly görkezmegini talap eder. Işdäki adatdan daşary ýagdaý, iş tapmak, ekzamen ýa-da başga meselerde – esasy zat, jedileriň başgalara öz başarnygyny subut etmeli bolmagydyr. Ýyldyzlar jedileriň özlerini ykrar etmekleri üçin zerur bilimleriniň we tejribeleriniň bardygyny aýdýarlar.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün daluwlar üçin sazlaşykly bolar we olar islendik işde aňsatlyk bilen üstünlik gazanarlar. Bu hemme zatda öz beýanyny tapyp biler. Daluwlary öňden bäri biynjalyk eden käbir meseleleriň birden öz-özi çözülmegi mümkin. Mundan başga-da, ýyldyzlar olara beýlekiler bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak üçin ajaýyp gün görkezýär.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar üçin üstünlik gazanmagyň açary seresaplykdyr. Bu gün, ynamly hereket etmek üçin ýeterlik derejede tiz hereket etmersiňiz. Daş-töweregindäkileriň biri inisiatiwany sizden alyp, maglumat ýetmezçiligiňizden peýdalanyp ýa-da aldap biler. Mümkin bolan ýitgileriň öňüni almak üçin, hutlar juda hüşgär bolmaly. Şünbheli işlere baş goşmaň.
8-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama