SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

08-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 08-nji  iýundaky  täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Hemme zat isleýşiňiz ýaly netije bermez. Oňyn garaýyş erjellik islendik garaşylmadyk ýagdaýlary ýeňip geçmäge kömek eder. Dostlaryňyz we tanyşlaryňyz bilen aragatnaşykda kynçylyklar ýüze çykyp biler. Agşam ýakynlaryňyz bilen gürleşip olardan maslahat sorasaňyz gowy bolardy. Size peýdaly pikirleri berip bilerler.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Irden möhüm zatlary meýilleşdirmäň. Meýilleşdiren  işleriňizi ýuwaş-ýuwaşdan dowam etdiriň.Bu gün siziň üçin möhüm adamlar bilen çynlakaý temalary ara alyp maslahatlaşmak amatlydyr. Özara düşünişmek we çylşyrymly meselelerde-de ylalaşyk tapmak aňsat bolar.Güniň ikinji ýarymynda  duýgudaşlyk duýarsyňyz. Sowur adamlarynyň köpüsi täze tanyşlary taparlar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Uly bolmadyk dawa-jenjeller we başgalar bilen düşünişmezlik gaty ähtimal. Şonuň üçin ýerine ýetirişde aýratyn aladany talap etmeýän tanyş gündelik meselelere üns beriň. Bir zady tertibe salmak we wagtynda gutaryp bilmedik zatlaryňyzy gutarmak üçin gowy gün.Güniň ikinji ýarymynda  Jöwzalaryň  köpüsi  dawa edenleri bilen gatnaşyklary gowulaşdyryp bilerler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Ýyldyzlar  üçin  bu gün üstünlikli bolar. Ýakynlaryňyz  we dostlaryňyz bilen aragatnaşyk saklanyňyzda öz pozisiýaňyzy goramak aňsat bolar. Ýakyn adamyňyz bilen  syýahatlar üstünlikli bolar. Maşgala Seretanlary  ýakynlary bilen geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak has amatly bolar. Sizi binjalyk edýän käbir möhüm zatlary maslahatlaşyp bilersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Jedelli ýagdaýa düşen bolsaňyz wepalylygy görkeziň. Ähli meseleleri gürrüňdeşlik bilen çözüp bolýandygyny ýatdan çykarmaň. Gün aňsat we asuda geçer şonuň üçin alada etjek zadyňyz bolmaz.Köp Esetler  ýakynlaryny görmäge we olar bilen ýürekden gürleşmäge wagt tapyp biler. Peýdaly maslahatlary ýa-da möhüm maglumatlary almagyňyz gaty ähtimal.Işli günden soň, agşam gezelenje gitmeli ýa-da ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek maslahat berilýär.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Irden köp jaňlar gepleşikler we çekişmeler bolar. Möhüm hat alarsyňyz. Ujypsyz şowsuzlyklar we kynçylyklar dörär.Emma ol zyýan bermez ýöne olar keýpiňizi gaçyryp  biler. Güniň ikinji ýarymynda gysga syýahatlar peýdaly bolar.Sünbüleler köpüsi günüň dowamynda käbir maşgala meselelerini çözmeli bolarlar.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Gün gaty bir oňat başlamaz, şonuň üçin irden möhüm meselelere başlamaň. Kiçijik kynçylyklar sizi binjalyk eder.Irden işjeňligiňiziçäklendiriň.Güniň ikinji ýarymynda jedelli meselelerde-de ylalaşyk gazanmak aňsat bolar. Maşgala Mizanlary  ýakynlaryna  wagt sarp etmeli bolarlar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Irden ilki bilen gaty seresap boluň. Aragatnaşykda hyjuwly we gödeklige meýilli bolarsyňyz. Özüňizi bir ýere jemläp meýilleşdirilen meseleleriňize paýhasly çemeleşmäge synanşyň .Şonda meýilleşdiren zatlaryňyzyň hemmesini başararsyňyz. Maşgala Akraplarynda  ýakyn adamy bilen ownuk düşünişmezlikler bolup biler.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Bu gün  hemme zat meýilleşdirilişi ýaly bolmaz. Käbir meýilnamalary täzeden meýilleşdirilmeli ýa-da düýbünden ýatyrylmaly bolarsyňyz.Möhüm kararlary has amatly güne süýşüriň.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Irden çynlakaý işe başlamaň. Adaty öý işleriňizi dowam etdiriň we öndürijilikli gepleşiklerden gaça duruň. MaşgalaJedileri  üçin çynlakaý dawa-jenjel döretmezlik üçin ýakynlaryna mylakatlylyk we alada bildirmek gaty möhümdir.Güniň ikinji ýarymynda  işjeň dynç almak, köpçülikleýin çärelere ýa-da dostlukly oturylyşyklara gatnaşmak üçin amatlydyr. Täze tanyşmak isleýänler bu mümkinçilikden peýdalanarlar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Irden gözegçilik edip bilmeýän birnäçe ownuk kynçylyklara duşarsyňyz. Bu siziň keýpiňizi gaçyryp biler, ýöne ýagdaýy erbetleşdirmezlik üçin başgalaryna gahar etmezlige synanyşyň. Maşgala agzalaryndan kömek soraň bilelikde ähli garaşylmadyk ýagdaýlary ýeňip geçersiňiz. Aragatnaşygyňyzda mylakatly we duýgur boluň bu örän  möhümdir.Agşamky gezelenç ýa-da medeni çärä gatnaşmak size oňyn duýgulary berer.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün  meýilleşdiren işleriňizi haýal etmän dowam etdiriň. Uzak wagtlap öwrenişmedik zatlaryňyzy hem edip bilersiňiz. Käbir Hutlar ep-esli pul akymyny alarlar. Ýakynlaryňyz  bilen çynlakaý we duýgur meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly pursat.

 

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama