SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

08-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                08-nji  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.  

 Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Hamallar üçin täze mümkinçilikleriň hem-de öňegidişligiň başlangyjy bolar. Iş meseleleriňizde  täze meýilnamalaryň açylmagy mümkin. Bu gün alýan maslahatyňyz we edýän gürrüňdeşligiňiz geljekdäki üstünlikleriňize täsir eder.Maliýe meseleriňiz  boýunça öňegidişlik bolup biler, täze girdejiler ýa-da goşmaça iş teklibleri çykyp biler.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar  üçin bu gün rahatlygyň we içki durnuklylygyň günüdir. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary berkitmek, öý meselelerini tertiplemek üçin amatly wagt.Iş ýeriňizde täze  gepleşikler bolup biler, olaryň käbiri uzak möhletleýin üstünliklere ýol açar. Güniň ikinji ýarymynda ýadawlyk duýup bilersiňiz şonuň üçinem dynç almak maslahat berilýär.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Jöwzalar  üçin bu gün gürrüňdeşlikleriň, gepleşikleriň we işjeň aragatnaşyklaryň üstünlikli döwrüdir.Işde täze hyzmatdaşlar bilen duşuşmak ýa-da täze taslamalara  başlamak  mümkin. Şeýle hem öňden bäri  ýerine ýetirmeli bir meseläňizi çözmäge mümkinçilik dörär.Güniň ikinji ýarymynda ýakyn adamlaryňyzdan  goldaw alyp bilersiňiz. Bu gün aýdylýan her bir söz gelejegiňize täsir ýetirip biler, şonuň üçin ünsli bolmak maslahat berilýär.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlara  üçin bu gün ähli ýagdaýlar peýda getirjek tarapa ugrukýar.Maliýa meseleleriňizde  ätiýaçly hereket etmek wajyp, sebäbi ullakan çykdajy ýa-da garaşylmadyk teklip ýüze çykyp biler.Güniň ikinji ýarymynda öz saglygyňyza aýratyn üns beriň.Maşgala gatnaşyklarynda asudalyk höküm sürer we ýakynlaryňyz size ruhy taýdan goldaw bererler. 

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Esetler  üçin  bu gün döredijilikli energiýalaryň güýçlenýän güni.Işde öňden bäri dowam edip gelýän bir meseläňiziň çözgüdi tapylar ýa-da doly täze ýol üçin mümkinçilikler açylar.Şeýle hem  täze tanyşlyklaryň döremegi, jemgyýetçilik çärelerine  gatnaşmagyňyz ýa-da döredijilikli işe  başlamagyňyz mümkin.Maşgala gatnaşyklarynda ýylylyk artar, ýakyn adamlaryňyzdan hoş habar gelip biler.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleler üçin bu gün  tertipleşdirmek we   işleriňizi ýetişdirmek günidir.Bu gün ýerine ýetiren işleriňiziň netijesi geljek aýda hem peýda berip biler. Resminama işleri, maliýe hasaplaşyklary we ähli meýilnamalary çözmek  üçin amatly wagt.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlar bu gün öňünde  duran meseleleri ýeňilleşdirip biljek bir kişi bilen duşuşmagy mümkin. Işde täze hyzmatdaşlygyň başlanmagy ýa-da öňden bäri dowam edip gelýän taslamanyň çaltlaşmagy hem  mümkin.

 Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplar üçin güýçli energiýalaryň dowam edýän güni.Maliýe taýdan üstünlikli gün bolup biler, garaşylmadyk girdeji ýa-da täze iş teklibi peýda bolup biler.Şahsy gatnaşyklaryňyzda  sabyrlylyk möhüm. Käbir ownuk jedeller ýüze çykyp biler, ýöne olaryň hemmesi gysga wagtlaýyn we çözüljek görnüşde bolar.Siziň öňe gidiş ukybyňyz we kararlylygyňyz şu gün ýokary bolar.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Kowuslar  üçin bu gün täze meýilnamalar hakda pikir etmek üçin gaty bir gowy gün däl. Bu gün haýsydyr bir jedellere goşulmazlyk üçin gaty seresap we ünsli bolmaly, sebäbi bu gahar-gazaba we ýadawlyga sebäp bolar. Özüňize aýdylýan tankydy bellikleri asuda kabul etmäge çalşyň.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jediler üçin jogapkärçiligiň güýçlenýän güni.Resminama işleri  iş duşuşyklary we maliýe şertnamalary üçin amatly wagt. Bu gün edýän kararyňyz uzak möhletli netijeleri berip biler.Öýde hem durnuklylyk artar, maşgalaňyz bilen üstünlikli gürrüňdeşlik geçirip bilersiňiz.

 Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Daluwlar  üçin döredijilikli we  täze pikirleriň başlanýan  günüdir.Işde täzelik girizmek, täze taslamany başlamak ýa-da öňki planlaryňyzy giňeltmek mümkin.Güniň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşykda duýgurlyk ýokarlanar, ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşyk gowulaşar.

 Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Hutlar  üçin bu gün  döredijilikli we duýgy taýdan amatly gün.Bu gün ylham  ýokarlanar, täze pikirler ýüze çykar.Şeýle hem maliýe meselelerinde kiçi ösüşler bolup biler, ýöne uly çykdajylar üçin amatly gün däl. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz pugtalanar.

 

Ýene-de okaň

12-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

10-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (08-nji-14-nji dekabr )

09-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

07-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama