Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 06-njy dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallaryň öňünde täze mümkinçilikler döreýär. Işde çalt çözgüt tapmak bilen tapawutlanyp bilersiňiz. Emma maliýe meselelerinde seresap boluň tötänleýin çykdajy ýüze çykmagy mümkin. Maşgala gatnaşyklarynda rahatlyk we düşünişmek höküm sürer.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin gün durnukly geçer. Öňünden meýilleşdiren işleriňiz üstünlikli tamamlanar. Şeýlede bolsa saglygyňyza üns beriň dynç almak üçin wagt tapmak ýerlikli bolar.Güniň ikinji ýarymynda maliýe meseleleriňizde täze teklipler peýda bolup biler ýöne dessine karar bermezlik maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün täze tanyşlyklar peýdaly gatnaşyklara öwrülebilir. Iş ýerinde täze borçlar ýüze çykyp biler, olar size täze tejribe getirer. Duýgularyňyzda durnuklylyk höküm sürer.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar bu gün işde üstünlik gazanarlar. Şeýle hem pul meselelerinde oýlanyşykly ädimler ätmeli bolarlar .Güniň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklaryna üns beriň ýakynlaryňyzyň goldawy size güýç berer.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin bu gün aktiw geçer. Tejribe toplamak, täze başlangyçlara girişmek üçin amatly wagt. Ýöne gatnaşyklaryňyzda emosional bolmakdan gaça durum.Güniň ikinjiýarymynda maliýa çykdaýjylaryňyza üns beriň.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin jogapkärçilikli meseleler öňe çykyp biler. Ünsli we tertipli bolmagyňyz netijeleri has gowulaşdyrar. Saglygyňyza aýratyn alada gerek däl, ýöne köne meseleleri çözmek üçin amatly gün.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlarda bu gün amatly ýagdaýlar köp bolar. Iş we şahsy durmuş arasynda deňagramlylyk saklamak üstünlik getirer. Bu gün aljak habarlaryňyz size täze müňkinçilikleri açar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akraplar üçin duýgular güýçli bolup biler, ýöne bu güýç size üstünlik gazandyrar. Işde täze şertler peýda bolar. Güniň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşklarynda sypaýçylyk möhüm ähmiýete eýedir.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslaryň döredijilik energiýasy ýokary bolar. Şeýle hem täze taslamalaryň başlangyjy üçin amatly gün. Güniň ikinji ýarymynda syýahat ýa-da iş sapary baradaky habarlary alyp bilersiňiz.. Pul meselelerinde ünsli boluň.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin jogapkärçilikler artar, ýöne siz muňa taýyn boluň. Ünsli we sabyrly hereket etseňiz, gowy netijäni gazanyp bilersiňiz. Maliýe meseleleriňizde durnuklylyk saklanylýar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlara bu gün täze tejribeleri we habarlary getirer. Işiňiz bilen bagly täze teklipleri almagyňyz mümkindir. Duýgularyňyzda rahatlyk güýçlener. Dostluk gatnaşyklarynda täzeden gatnaşyklary gurup bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlarda bu gün döredijilik güýji öňe çykar.Çylşyrymly meseleleriňizi aňsat çözersiňiz. Maşgala gatnaşyklarynda mähirli atmosferanyň bolmagy sizi ruhlandyrar. Maliýede ýakymly täzelik garaşylýar.
