Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün işde kärdeşler we ýolbaşçylar bilen gatnaşyklaryňyz aňsat bolmaz. Ownuk zatlar sebäpli jedeller düşünişmezlikler we hatda köne öýke-kineler hem ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlar siziň rahat işlemegiňize päsgel berer. Ähli meseleleri bir wagtda çözmek mümkin däl şonuň üçin sabyrly we yzygiderli hereket etmek möhüm. Iş bilen şahsy duýgulary garyşdyrmazlyk aýratyn zerurdyr.Siziň açyk sözliligiňiz kyn ýagdaýlarda kömek eder adamlar sizi dogruçyllygyňyz üçin hormatlar. Emma gaty ýiti ýa-da gödek bolmazlyga üns beriň esasan hem duýgur adamlara garşy.Şahsy durmuşda bolsa ýagdaý has oňyn bolar: ýakynlaryňyz bilen aňsat düşünişersiňiz goldaw we ýakymly garaşylmadyk sowgatlar bolup biler. Şeýle hem pul girdejileri hem bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Gün üstünlikli başlar. Irden sizi gyzyklandyrýan soraglaryň jogaplaryny tapyp bilersiňiz ýa-da täze ajaýyp pikirler ýüze çykyp biler. Sizde ähli meýilnamalaryňyzy amala aşyrmaga ýeterlik energiýa bolar. Täze iş teklipleri ýa-da gyzykly taslamalar garaşylýar. Bu mümkinçilikleri elden bermäň we wagty netijeli ulanyň.
Günüň ikinji ýarymy birneme kynrak bolup biler. Maliýe taýdan ýalňyşlyklar ýa-da peýdasyz satyn almalar bolup biler. Täze tanyşlara doly ynanmaň, möhüm maglumatlary paýlaşmaga howlukmaň. Seresaplygyňyz sizi ýalňyşlyklardan gorar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar bolup biler. Siz irden özüňize ynamly bolup öň başarmadyk işleriňize batyrgaý girişersiňiz we üstünlik gazanarsyňyz. Ýöne ýönekeý görünýän işler birneme köp güýç talap edip biler emma siz olaryň hem hötdesinden gelersiňiz.Iş gepleşikleri üstünlikli geçer siz dogry sözleri taparsyňyz we täsirli çözgütler hödürlärsiňiz. Täze tanyşlyklar we duşuşyklar bolup biler. Siz özüňize çekiji bolup, islendik adam bilen aňsat düşünişersiňiz. Gysga syýahat hem size peýdaly we ýakymly bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün birneme kyn bolup biler emma siz paýhasyňyz we güýçli duýgyňyz arkaly ähli kynçylyklary ýeňip geçersiňiz. Irden garaşylmadyk ýagdaýlar meýilnamalaryňyzy bozup biler. Täze ýagdaýlara tiz uýgunlaşmak we başgalaryň tejribesinden peýdalanmak möhüm bolar.Täze iş teklipleri peýda bolsa derrew ýüz öwürmäň olar geljekde uly mümkinçilik açyp biler.Günüň ikinji ýarymynda siz möhüm işleri üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Agşam ýakynlaryňyz bilen ownuk düşünişmezlikler bolup biler, şonuň üçin sabyrly we mylaýym bolmak möhüm.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün siz köp işleri ýerine ýetirmeli bolarsyňyz. Irden içki duýgyňyz size wagty biderek sarp etmezligi maslahat berer. Siz täzeçe pikir edip döredijilikli çemeleşme arkaly üstünlik gazanarsyňyz. Öň kyn ýaly görünýän meseleler aňsat çözülip başlar.Şeýle hem täze başlangyçlar üçin amatly gün. Hususan-da, öz işini ösdürýänler üçin täze hyzmatdaşlar ýa-da maýadarlar tapmak mümkinçiligi bar.Biraz üýtgeşiklik we täze täsirler size peýdaly bolar syýahat ýa-da täze iş bilen meşgullanmak size güýç berer.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Hemişe islän ýaly bolmasa-da, siz rahatlygyňyzy saklap ähli kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçersiňiz. Duýgularyňyzy dolandyryp ýagdaýy dogry çözmegiň ýoluny taparsyňyz. Başgalara hem kömek edip bilersiňiz.
Adamlar bilen gatnaşyklara üns beriň sebäbi käbirleri sizi nädogry düşünip biler. Jedellerden gaça duruň.
Bu gün dynç almak, döredijilik bilen meşgullanmak ýa-da täze zatlary öwrenmek üçin amatlydyr. Saglygyňyz hem gowy bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Eger siz ownuk zatlara wagt sarp etmeseňiz gün örän netijeli geçer. Irden peýdaly işler bilen meşgullanyp başlamak möhüm. Adamlar siziň ukyplaryňyzy ýokary bahalandyrar.Dürli çäreler we duşuşyklar täze tanyşlyklary getirip biler. Bu tanyşlyklar geljekde size peýdaly bolar.Agşam romantik pursatlar üçin amatly bolar, ýöne täze gatnaşyklarda howlukmaň ýagdaýy gowy öwrenmek gerek.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün döredijilikli işler üçin örän amatly bolar. Täze pikirler ýüze çykyp, olaryň käbiri geljegiňiz üçin möhüm bolup biler. Siz iş ugruňyzy üýtgetmek barada hem oýlanyp bilersiňiz, emma howlukmaň.Pul girdejileri bolup biler, emma maliýe meselelerinde seresap boluň.Günüň ikinji ýarymynda agyr işlerden gaça duruň. Agşam bolsa rahat dynç almak we ýakynlar bilen wagt geçirmek has peýdaly bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün ýakymly duşuşyklar bilen başlar. Siz aragatnaşykda ýeňillik duýup, gowy täsir galdyrarsyňyz. Täze we köne gatnaşyklary dikeltmek üçin amatly gün.Irden gündelik işler köp üns talap edip biler, şonuň üçin howlukmaň.Ikinji ýarymda maliýe taýdan oňyn ýagdaýlar bolup biler girdejili şertnamalar mümkin.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün ähli zatlaryň isleýşiňiz ýaly gitmezligine öňünden taýýar boluň. Meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz. Käbir iş gepleşikleri uzaga çekip biler.Siziň aladalaryňyz başgalara görünýär, şonuň üçin sizi ulanmak isleýänler bolup biler seresap boluň.Maliýe meselelerinde tygşytly boluň, sebäbi häzirki wagtda tygşytlanan serişdeler soň peýdaly bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün çynlakaý çemeleşme möhüm. Uzak möhletli meýilnamalara üns beriň. Täze hyzmatdaşlyk tekliplerine seresap garaň käbir adamlar sizi peýdalanmak isläp biler.Irden pul girdejileri bolup biler günortan bolsa üstünlikli satyn almalar mümkin.Agşam dostlar bilen duşuşyklar we täze tanyşlyklar ýakymly täsir galdyrar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün üstünlikli bolup gowy habarlar we gyzykly teklipler getirip biler. Irden ýagdaýlar has düşnükli bolar we siz meýilnamalaryňyzy anyk kesgitläp bilersiňiz. Özüňize ynam artar.Ýakynlaryň goldawy möhüm bolar olaryň kömeginden ýüz öwürmäň.Şahsy gatnaşyklarda içki duýgyňyza bil baglaň, bu size düşünişmezliklerden gaça durmaga kömek eder.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
