Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 05-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün siz üçin täze mümkinçilikler açylar. Siziň öňünüzde duran wezipeler öňküsinden has köp jogapkärçilik talap eder.Güniň dowamynda iş boýunça möhüm habarlary almagyňyz, maliýe bilen bagly täze teklipleriň ýüze çykmagy ähtimal.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün Sowurlar özlerini rahat duýarlar. Işde üstünlik gazanmak üçin amatly wagt.Maliýe taýdan täze girdejileriň döremegi mümkin. Güniň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarda ýakyn adamlaryňyzyň goldawyny alarsyňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Gün diýseň başagaý bolup, gaty stresli geçip biler. Jöwza zenanlary ykbalyň howandarlygyna bil baglamaly däldirler. Başgalaryň paýyna bolan talaplaryňyzy we gyzyklanmalaryňyzy berk goramak islegiňiz ýoldaşyňyzyň isleglerine garşy bolup biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar üçin 5 dekabr gatnaşyklary berkitmek güni. Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda açyk pikir alyşmaga taýyn boluň. Güniň ikinji ýarymynda maliýe meseleleriňiz hem üns talap edip biler emma ünsli bolsaňyz girdejiňizde ösüş gazanyp bilersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler üçin bu gün döredijilik energiýasy ýokary bolar.Işde görkezýän başlangyçlaryňyz üns çekip biler, ýolbaşçylaryňyz sizden minnetdar bolarlar.Şahsy gatnaşyklaryňyzda sabyrly boluň. Ownuk nägilelikleri güýçlendirmeseňiz ýagdaý çalt çözüler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Şu gün size girdeji girmegi mümkin. Siziň öňüňizde her hili täzelikleriň açylmagy ahmal. Täze idealara hem-de täze görkezmeleri açmaga seresap bolmaly. Günüň ikinji ýarymynda sizde çalaja bolsa-da saglyk ýagdaýyňyz üýtgemegi ahmal. Gorkmaň. Kesel uzak wagt dowam etmez.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlar üçin bu gün üstünlikli günleriň biri. Olarda sungat ugrundan täzelikler bolar. Olaryň bu günki maksady köp gürrüňdeşlik, maksada okgunlyk bolup durýar. Ýyldyzlar size diňe öz ýakynlaryňyz bilen ýakyn arany saklamagyňyzy maslahat berýär. Siz olar bilen öz gaýgylaryňyzy hem-de şatlyklaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün Akraplar üçin iň gowy günleriň biri. Olar birnäçe zatlardan üstün çykmagy başararlar. Esasan hem aragatnaşykda. Olara syýahat etmek maslahat berilýar. Akraplaryň täze adamlar bilen tanyşmaklary ahmal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün täze başlangyçlara ýol açylar.Maliýe babatda seresap boluň gönümel pikirlenmek seresap boluň. Şahsy gatnaşyklaryňyzda bolsa ýumşaklyk we düşünşmek maslahat berilýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jediler üçin bu gün üstünlikli gün. Karýeraňyzda öňegidişlik bolmagy mümkin. Ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşyk ýa-da gepleşikler döredijilikli bolar. Güniň ikinji ýarymy etjek her bir işiňiz netijeli bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin täze pikirleriň döreýän güni.Bu gün döredijilik we ylham güýçlener.Taslamalara täzeçe çemeleşme üstünlik getirip biler.Güniň ikinji ýarymynda özüňize wagt ayyrmak, ruhy dynç almak maslahat berilýär.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün duýgurlygyňyz ýokarlanar.Her bir söziňize üns beriň sebäbi ýakyn adamlaryňyzyň duýgularyna täsir edip bilersiňiz.Işde ýagdaý durnukly ýöne täzeden meýilleşdirmek peýdaly bolar.Günüň ikinji ýarymy dynç almak maşgalaňyz bilen syýahat etmek üçin amatly gün.
