Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 04-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün siziň üçin işjeňlik we netijelilik bilen tapawutlanjak gün bolup biler. Işiňiz bilen baglanyşykly täze maglumatlar ýa-da garaşylmadyk teklipleri almagyňyz ähtimal. Kararlary kabul etmekde howlukmak maslahat berilmeýär. Maliýa meselelerinde gereksiz töwekgelçilikden daşda duruň. Maşgala gatnaşygyňyzda ýakynlaryňyzyň goldawyny duýup bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Energiýa we sabyrlylyk günüňizi üstünlikli geçirmäge mümkinçilik berer. Maşgala ýa-da ýaşaýyş jaýy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmek üçin amatly gün. Uzak wagt bäri çözgüt gözleýän işleriňiz ýuwaş-ýuwaşdan öz ýoluna düşer. Güniň ikinji ýarymynda öz saglygyňyza üns bermek bedeniňize agram salmazlyk maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Aragatnaşyk gepleşikler resmi iş kagyzlary bilen meşgullanmak üçin iň amatly günleriň biri. Täze maglumatlar ýa-da pikirleriňiz size netije gazanmakda uly müňkinçilikleri berer. Dostlar bilen gatnaşyklarda hem oňyn energiýa garaşylýar. Maliýa meseleleriňizde artykmaç çykdajylardan gaça durmak maslahat berilýär.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Duýgularyňyz güýçlenip biler şeýle ýagdaýda ähli meseleleriňize oýlanyşykly çemeleşmek möhüm bolar. Maşgala gatnaşyklarynda düşünişmek we garşylyklary aradan aýyrmak üçin amatly gün. Işde bolsa öňegidişliklere garaşylýar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Öňe çykmak, ýolbaşçylaryň ünsüni özüňize çekmek we başlangyçlaryňyzyň öňe ugrukmagyna mümkinçilik berýän gün. Iş boýunça berlen tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmek bilen täze mümkinçiliklere ýol açyp bilersiňiz. Dostlaryňyz ýa-da tanyşlaryňyz bilen gatnaşyklarda hem peýdaly habarlar teklipler gelmegi mümkin. Güniň ikinji ýarymynda saglyk boýunça özüňize ideg etmek dynç almak möhümdir.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Uzak wagtdan bäri ýüregiňizde saklaýan pikirleriňizi durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredip biljek gün. Işdäki tertipçiligiňiz we ünsli çemeleşmegiňiz berlen jogapkärçilikli işiňizi ýeňilleşdirer. Güniň ikinji ýarymynda maliýa taýdan täze meýilnamalaryň döremegi mümkin, ýöne ähli zady hasaplap goýmak möhüm.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün siziň üçin gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamak esasy wezipeleriň biri bolar. Şahsy gatnaşyklary ösdürmek, ýakyn adamyňyza goldaw bermek üçin amatly gün. Işde hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelerde öňegidişliklere garaşylýar. Täze pikirler ýüze çykyp biler, ýöne olary durmuşa geçirmek üçin ýene birneme taýýarlyk gerek bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Dürli ýagdaýlary çynlakaý pikirlenmäge mümkinçilik berýän gün. Işiňizdäki möhüm meseleleri düýpli seljermek we geljegiňizi meýilleşdirmek üçin amatly pursatlar dörär. Maliýa taýdan garaşylmadyk gowy habarlary almagyňyz mümkin.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Energiýaňyz güýçlener döredijilik pikirleriňiz dörär. Täze ösüşler iş teklipleri ýa-da üstünlik getirjek meýilnamalar üçin gowy gün. Syýahata okuwa degişli pikirler hem peýdaly bolup biler. Maliýa meseleleriňizde uly çykdajy etmän günüňizi meýilleşdirmegiňiz maslahat berilýär.Güniň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklarynda hoşniýetlilik güýçlenýär.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Işiňizdäki jogapkärçilikleriň artmagy mümkin, ýöne siz olary üstünlikli ýerine ýetirmäge güýjüňiz ýeter. Gün tertibiňe düýpli üns bermek we tertipli hereket etmek ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder. Güniň ikinji ýarymynda maşgala agzalaryňyz bilen möhüm meseleleri maslahatlaşmak üçin amatly gün.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Täze mümkinçilikler, döredijilik işleri we täze tejribelere açyk gün. Işde hem täzelik getirip biljek pikirleriň döremegi mümkin.Täze tanyşlyklar peýda getirip biler. Saglyk babatda özüňize üns bermek möhümdir.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Döredijilik üçin bu gün ajaýyp gün. Işiňizde öňe gidişliklere garaşylýar, ýöne käbir meseleleri tamamlamak üçin ünsli bolmak gerek bolar. Maşgala gatnaşyklarynda ýakynlaryňyz bilen düşünişmek maslahat berilýär.Güniň ikinji ýarymy siz üçin köp ýeňillikleri getirip biler.
