Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün rahatlanmaga mümkinçilik bolar. Uly wakalara ýa-da ozal yza süýşürilen işlere üns bermäge, uzak wagt bäri ünsüňizi talap eden taslamalary tamamlap, sizi binjalyk eden soraglara anyklyk girizmäge mümkinçilik dörär. Şeýle hem maliýe meseleleriňizi tertipleşdirmek üçin amatly gün bolar.Günüň ikinji ýarymynda maşgala bilen bagly işlerde arkaýynlyk we özüňize bolan ynam aýratyn peýdaly bolar. Siz mähirli we rahat energiýa saçarsyňyz, bu bolsa öýde ýyly we hoşniýetli gurşawy döreder. Dost-ýarlaryňyz we garyndaşlaryňyz siziň goldawyňyzy ýokary bahalandyrarlar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün netijeli we şowly bolar. Köp zady ýetişdirersiňiz we eden işleriňizden kanagatlanarsyňyz. Sabyrly we ünsli çemeleşseňiz olaryň hemmesini kemsiz ýerine ýetirersiňiz.Şeýle hem takyklygy we tertibi talap edýän işler üçin hem örän amatly gün. Ünsüňizi jemlemek aňsat bolar, hiç zady gözüňizden sypdyrmarsyňyz. Güniň ikinji ýarymynda söýýän adamyňyz bilen wagt geçirmek, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak ýa-da gatnaşyklaryňyz üçin möhüm bolan temalar barada gürrüň etmek peýdaly bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Ünsli we jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýän täze işlerde howlukman dogry kararlary bermeli bolar. Ünsüňizi jemlemek kynrak bolup biler, ýygy-ýygydan ünsüňiz bölner, şonuň üçin ownuk ýalňyşlyklaryň ýüze çykmak ähtimallygy bar. Golaýyňyzda ýalňyşlary wagtynda görkezip, kömek edip biljek adamlar bolsa has gowy. Emma Jöwzalaryň käbirleri hatda gowy maslahata-da gulak asmaga taýýar bolmaz.
Güniň ikinji ýarymynda maşgalaňyz bilen bilelikde wagt geçirmek, film görmek ýa-da bile nahar taýýarlamak üçin gowy gün bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün biraz ýadaw ediji bolsa-da, gaty köp zatlar bilen geçer. Wagtyňyz ep-esli bölegi ýakymly, emma aýratyn peýdasy bolmadyk işler bilen geçip biler.Duýgularyňyz durnuksyz bolup biler. Adatça ähmiýetsiz görünýän zatlar bu gün sizi binjalyk edip biler. Ownuk oňaýsyzlyklar uly mesele ýaly duýulyp, töweregiňizdäkileriň tötänleýin aýdan sözleri sizi has çuňňur täsir edip biler. Şeýle ýagdaýlarda ýakynlaryňyzyň goldawy aýratyn möhümdir.Güniň ikinji ýarymynda duýgularyňyzy ynanýan adamlaryňyz bilen paýlaşmakdan çekinmäň. Ýürekdeş gürrüň hem ýagdaýy başgaça görmäge we özüňizi has gowy duýmaga kömek eder.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün hyýalyňyza we döredijilik güýjüňize erk berseňiz, örän şowly geçer. Pikirlerini durmuşa geçirmekden we synap görmekden gorkmaýan Esetler bu gün üstünlik gazanarlar. Şeýle hem öň pikir etmän ýören täze mümkinçilikler açylar. Esasy zat pursaty elden bermän, bir az tutanýerlilik görkezmekdir. Eger täze bir zada başlamak, täzelikleri öwrenmek ýa-da döredijilik taslamasyny durmuşa geçirmek arzuwyňyz bar bolsa, hut şu wagt iň amatly döwürdir.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sabyrly boluň we adamlar bilen aragatnaşykda seresaplylyk görkeziň. Gün erbet däl, ýöne hemişe öz diýenini etdirmäge öwrenişen, ylalaşyk etmegi halamaýan Sünbüleler üçin käbir kynçylyklary getirip biler. Başgalaryň wada beren zatlaryna doly bil baglamaň. Bu adamlaryň sizi aldajakdygyny aňlatmaýar, diňe ýagdaýlar üýtgäp, wada berenler sözünde durman bilerler ýa-da kimdir biri garaşanyňyzdan köp wagt alýan kömegi sorap biler ýa-da işleriňize ýerliksiz goşulyp biler.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Eger säher bilen özüňizi oňyn ruhda sazlap başarsaňyz , bu gün örän şowly geçer. Içki pikirleriňiz wakalaryň gidişine göni täsir eder. Eger täze güne ýylgyryp, gowy zatlary görmäge taýýar bolup başlasaňyz, bu ruh ýagdaýy ýakymly wakalary we gowy adamlary özüne çeker.Bu gün syýahatlar üçin hem amatly. Uzak ýol bolsun ýa-da şäher daşyna gysga gezelenç islendik syýahat size täsirli duýgulary berer.Şeýle hem daşky gurşawyň üýtgemegi size güýç berer we ylham çeşmesini tapmaga kömek eder.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün ýakymly geçer, emma örän öndürijilikli bolmaz. Uly üstünliklere garaşmaň. Gün has köp dynç almak, rahatlanmak üçin amatly. Bu doly derejede kadaly ýagdaý käwagt diňe rahatlanmak hem zerurdyr.
Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz sazlaşykly bolar. Güniň ikinji ýarymynda maksadyňyza ýetmek üçin nähili ädimleriň gerekdigine düşünersiňiz.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Siz özüňizi tutanýerli we işjeň duýarsyňyz, meýilnamalaryňyzy tizden-tiz amala aşyrmak islärsiňiz. Emma biraz düşünjeli pikirleniň. Käbir işleriňizi sona goýup bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen düşünişmezlikler hem ýüze çykyp biler. Ýakyn adamlaryňyzyň ň pikirine gulak asyp, onuň duýgularyny göz öňünde tutsaňyz, uly dawa-jenjellerden gaça durarsyňyz.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün intuisiýaňyza gulak asmak aýratyn möhümdir. Iki manyly ýagdaýlarda ýa-da binjalyk edýän habarlary alanyňyzda, dogry çözgüdi hut intuisiýaňyz görkezer. Şeýle hem ýakyn adamlaryňyzyň pikirine üns beriň olaryň maslahatlary peýdaly bolup biler.Satyn alyş etmekçi bolsaňyz, howlukmaň. Harytlaryň hilini barlaň, şertleri okaň, puluňyzy dessine sarp etmäň. Soň ökünmegiň deregine, ilki bilen dogry karar kabul edendigiňize göz ýetiriň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün ýyldyzlar sizi ýakymly tötänlikler bilen begendirer. Eýýäm irden ýyldyzlaryň siziň tarapyňyzdadygy belli bolar. Bu käbir möhüm meseläni çözmek ýa-da köpden bäri göz öňünde tutan bir zadyňyzy amala aşyrmak üçin gowy gün. Diňe puluň bar ýerinde seresap bolmaly. Meýilleşdirilmedik satyn alyşlardan saklanmak we mümkin bolsa çykdajylary azaltmak has gowudyr.Romantiki gatnaşyklar sazlaşykly öser. Günüň ikinji ýarymy, ýakyn wagtda durmuşa geçirmek isleýän meýilnamalaryňyzy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm söhbetdeşlikler üçin amatlydyr.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Täzeliklerden gorkmaýan, üýtgeşmelere taýýar Hutlar üçin bu gün örän şowly bolar. Adaty çäklerden çykyp bilseňiz, ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar we ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar bilen begendirer.
Irden oňyn ruhda bolarsyňyz, bu bolsa gündelik zatlarda-da gowy taraplary görmäge kömek eder. Pozitiw ýagdaýyňyz ýakymly wakalary we täze mümkinçilikleri özüne çeker. Şeýle hem bu gün ýakyn adamlaryňyz üçin peýdaly we ýakymly bir zat etmek üçin amatly bolar. Siz olaryň hal-ýagdaýyna üns berersiňiz, kömek edersiňiz, goldaw berersiňiz ýa-da kiçi sürpriz bilen begendirersiňiz. Siziň aladaňyz aýratyn gymmatly bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
