Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 03-nji awgustndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Size gyzykly we tolgundyryjy gün garaşýar. Size ylham berjek garaşylmadyk wakalar bolup biler. Käbir Hamallar özleri üçin möhüm adamlardan gowy habar alarlar. Ýakynlaryňyzyň maslahatyny diňläň belki peýdaly bolar ýa-da size peýdaly pikir berer.Hyýalyňyz we döredijiligiňiz sebäpli köp meseläni çözüp bilersiňiz. Öň sizi goldamak islemeýänleri ýaranlara öwrüp bilersiňiz. Siz ýakymly garaşylmadyk sowgatlary garaşýar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Öý işleri irden ünsüňizi talap eder. Olar garaşanyňyzdan has köp bolar ýöne hemme zady çalt çözüp bilersiňiz. Esasan hemme zady paýhasly kesgitlemek we tertipleşdirmek ukybyňyz sebäpli. Garaşylmadyk çeşmelerden nagt girdejiler mümkindir. Söwda üçin amatly gün,zerur zatlaryň hemmesini satyn alyp bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymy ýakynlaryňyz bilen geçirmäge mynasypdyr. Sowur maşgalalarynyň uzak wagtlap görmedik garyndaşlary bilen duşuşmagy müňkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Nätanyş meseleleri çözmäge ökde bolarsyňyz. Bu işde nädip hereket etmelidigiňize düşünersiňiz ilkinji synanyşykda hemme zady öwrenersiňiz we gaty täsirli netijelere ýetersiňiz. Jöwzalaryň köpüsi gysga gezelenje gitmeli bolarlar. Mundan başga-da teklip garaşylmadyk ýagdaýda iş tekliplerini alarsyňyz.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Artykmaç aladalara we keýpiň üýtgemegine meýilli bolarsyňyz. Kiçijik zatlara aşa baha bermäň we ugurtapyjylykly bolmaga synanyşyň. Özüňizi bir ýere çekip bilseňiz galan günler gaty gowy geçer.Güniň ikinji ýarymynda ünsüňizi sowmasaňyz we ownuk-uşak zatlara wagt ýitirmeseňiz köp zat etmäge wagtyňyz bolar. Köp Seretanlar dostlary ýa-da ýakynlary hakda gowy habarlary alarlar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Ýagdaýlar siziň peýdaňyza bolar. Şonuň üçin gowy mümkinçilikleri elden gidirmäň. Göz öňünde tutanyňyzdan has köp zady başararsyňyz. Köp Esetler möhüm maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ösüş gazanarlar.Söwda üçin gowy gün esasanam ýakynlaryňyza sowgat almak isleseňiz. Romantiki gatnaşyklaryň ýa-da uzak dostlugyň başlangyjy boljak ýakymly tanyşlar mümkin. Agşam ýakyn adamyňyz bilen duşuşmak üçin ajaýyp.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Meýilnamalaryňyz amala aşarmak üçin seresaplylyk bilen hereket etmeli bolarsyňyz. Täze mümkinçilikleri görersiňiz we olardan peýdalanyp bilersiňiz. Emma özüňizden kän zat talap etmäň, dynç almak üçin wagt tapmak möhümdir.Käbir Sünbüleler ozal jedel eden we gapma-garşy bolan adamlary bilen gatnaşyk gurarlar. Bir adama dogry çemeleşmek we geçmişdäki düşünişmezlikleri aýdyňlaşdyrmak mümkin bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Hemme zat garaşyşyňyz ýaly gitmez. Ujypsyz düşünişmezlikler meýilnamalaryňyzy üýtgetmäge mejbur eder.Emma kynçylyklar uzaga çekmez ýakyn wagtda hemme zat gowulaşar. Şeýle-de bolsa möhüm kararlar bermezlik has gowudyr. Ýagdaýa dogry baha bermek we ähli ýagdaýlary göz öňünde tutmak adatdakysyndan has kyn bolar.Günüň ikinji ýarymy has üstünlikli bolar. Köp Mizanlar köne dostlaryndan ýa-da uzak garyndaşlaryndan gowy habarlary alarlar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Güni tanyş bilen başlaň. Meýilleşdirilen hemme zadyňyzy başaryp .Köp gowy zatlary eşiden adamyňyz bilen tanyşmak we uzak dostluga başlamak mümkinçiligi bar.Günüň ikinji ýarymy hem aladaly bolar. Emma hiç zady ýatdan çykarmazlygy we sypdyrmazlygy we hiç zady bulaşdyrmazlygy başararsyňyz. Agşam dynç almak islärsiňiz. Maşgala Akraplary ýakynlary bilen asuda agşam geçirerler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Başgalar bilen gapma-garşylyklardan gaça durmak üçin duýgularyňyzy gözegçilikde saklaň. Karar bermäge howlukmaň ilki bilen hemme zady üns bilen pikirleniň bolup biljek netijeleri hasaplaň. Gowy dostlar bilen maslahatlaşyň möhüm we peýdaly bir zady teklip edip bilerler. Köp Kowuslar döredijiligini görkezmäge mümkinçilik alarlar. Täze we gyzykly pikirler bilen çykyş etmek gaty gowy bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Öňüňizde kyn mesele bar bols, ilki bilen pikirlenip meýilnama düzüň. Ýagdaýa hakyky baha beriň we hiç ýere howlukmaň ýogsam hemme zady başdan başlamaly bolarsyňyz. Ýuwaş-ýuwaşdan hereket ediň. Garaşylandan has köp wagt sarp etmeli bolarsyňyz ýöne netijeler peýdaly bolar.Maşgala jedileri ýakynlary bilen dynç alarlar we aragatnaşyk şatlykly we ylham berer. Köp wagtdan bäri görmek isleýänleriňiz bilen duşuşmagyňyz hem ähtimal.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Geljek üçin meýilnama düzmek üçin gowy gün. Wakalaryň ösüşini we başgalaryň hereketlerini çaklap bilersiňiz. Her kim siziň pikirleriňize baha bermez emma hiç kim siziň maksadyňyza ýetmäge päsgel berip bilmez.Elmydama size düşünmäge synanyşanlardan goldaw gözläň. Seni tankytlaýan we öz hasabyna özüni görkezjek bolýan adamlar bilen habarlaşmagyň zerurlygy ýok. Dostlar maşgala we ýakyn adamyňyz kyn günde size güýçlenmäge kömek eder.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Günüň birinji ýarymyny öý işlerine we beýleki meýilleşdirilen işlere bagyşlamak has gowydyr. Kän gürleşmek islemersiňiz ýöne köp peýdaly zatlary edip bilersiňiz. Köp wagt öň meýilleşdiren ýöne durmuşa geçirip bilmedik zatlaryňyzy durmuşa geçirmäge mümkinçilik bolar. Düşünjäňizi diňläň haýsy tarapa gitmelidigiňizi hökman görkezer.Güniň ikinji ýarymy ýygnaklar we gepleşikler üçin amatly. Adamlar bilen duşuşmaga açyk bolan Hutlar täze dostlary tapmaga mümkinçilik alarlar.