Düýn Russiýa Federasiýasynyň Naýbaşy kubogyny gazanmak ugrunda futbol duşuşygy geçirildi. Onda ýurduň çempiony “Zenit” topary bilen SSKA topary duşuşdy.
Duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Superkubogyň eýesini 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi.
Ýurduň çempiony, soňky ýyllarda Russiýanyň iň güýçli toparlarynyň biri bolup durýan “Zenit” topary 11 metrlik jerime urgularynda 5:4 hasabynda utup, 8-nji gezek Superkubogy gazandy.
Duşuşygyň gahrymany “Zenit” toparynyň derwezeçisi Mihail Keržakow boldy. Ol 2 sany 11 metrlik jerime ugrusyny saklamagy başardy.
“Zenit” topary Russiýada rekord goýdy. Bu topar 22-nji milli kubogyny gazandy. Toparyň tälimçisi Sergeý Semak bolsa, 5 ýylda 10-njy kubogyny gazanmagy başardy.
