BILIM

Ýyllyk kitap sergisi geçirildi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy ýyllyk Roždestwo kitap sergisini geçirdi. Wekilhanasynyň binasynyň howlusynda geçirilen sergi şu ýyl üçünji gezek guralýar. Kitap sergisiniň esasy maksady sowatlylygy we okamak medeniýetini ösdürmekden, Roždestwo ýarmarkalarynyň Ýewropa däplerini paýlaşmakdan we kitap alyşmak arkaly jogapkärli we ekologiýa taýdan arassa garaýşy ösdürmek arkaly oňyn hereketleriň üýtgemegine höweslendirmekden ybarat bolup durýar.

Şol sebäpli bu çärä dürli kitap dükanlary gatnaşdy. Serginiň myhmanlary dürli kitaplary satyn almaga öz kitaplaryny başga biri bilen çalyşmaga, dürli senetçilik eserleriniň ýasalyşyny görmäge, surat çekmäge we reňklemäge mümkinçilik aldylar.

Şeýle bolansoň, sergi uludan-kiçä hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Kitap alyşmak nokadyna, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Fransuz instituty iňlis we fransuz dillerinde peýdaly we meşhur kitaplaryň köp sanlysyny sowgat beripdir. Bu başlangyç myhmanlara kitap alyşmaga we olara ikinji ömür bermäge mümkinçilik berdi.

Ýarmarka Aşgabadyň belli kitap dükanlary tarapyndan hödürlenýän kitaplaryň giň görnüşini öwrenen köp sanly myhmanlary özüne çekdi. Iň ýaş kitap söýüjiler Çagalaryň wiktorinasyna işjeň gatnaşdylar, söýgüli hekaýalary we edebi gahrymanlary baradaky bilimlerini synap gördüler we Aýaz baba hat ýazmak, palçykdan heýkeljikleri modelleşdirmek we reňklemek, şeýle hem surat çekmek ýaly döredijilik işlerine gatnaşdylar.

Däp bolan Ýewropa tagamlary we baýramçylyk sazlary mähirli we myhmansöýer gurşawy döretmäge goşant goşdy we ýarmarkany ähli ýaşdaky myhmanlar üçin gyzykly ýere öwürdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy