SPORT

“Ýuwentus” yzly-yzyna 9-njy çempionlygyna golaýlady

Italiýanyň milli futbol çempionatynda “Ýuwentus” topary bassyr 9-njy çempionlygyna golaýlady. Topar şu gün “Udineze” topary bilen duşuşar. Eger ýeňiş gazanan halatynda  yzly-yzyna 9-njy çempionlygyny baýram eder.

Maurisio Sarriniň tälim berýän topary ikinji orundaky “Atalanta” toparyndan 6 utuk öňde. Ýene-de topar 4 duşuşyk geçirer. “Atalantanyň” bolsa 3 duşuşygy galdy.

Iki toparyň arasyndaky özara duşuşykda hem “Ýuwentusyň” artykmaçlygy bar. Birinji aýlawda “Ýuwentus” garşydaşyny 3:1 hasabynda utdy, ikinji aýlawda bolsa 2:2 deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, “Ýuwentus” topary “Udineze” toparyny ýeňen halatynda, utuk aratapawudyny 9-a ýetirip, “Seriýa A” çempionatynda yzly-yzyna 9-njy çempionlygyny yglan eder.

Ýene-de okaň

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär