Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 591 müň 242 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, bu ugurda bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 42,23 göterime deň boldy. Ýokary öndürijiligi bolan galla kombaýnlarynyň jemi 2 müň 111-si gije-gündiziň dowamynda işledilýär. Şol bir wagtyň özünde orak möwsüminde işleýänler üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem etraplarda döredilen abatlaýjy we sazlaýjy toparlar oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, ýerlerde tehniki hyzmaty alyp barýarlar.
Maslahatyň barşynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ak ekinli meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň, ýük awtoulaglarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak, galla kabul ediş bölümlerinde hasyly bökdençsiz kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramakda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatda 145 müň gektar meýdanda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl daşoguzly gallaçylar Watan harmanyna 265 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagy meýilleşdirýärler.
Şu güne çenli Watan harmanyna 18 müň 756 gektar meýdandan 34 müň tonnadan gowrak däne ýygnaldy. Bu bolsa bellenilen meýilnamanyň 12,96 göterim ýerine ýetirilendigini, her gektaryň hasyllylygynyň 18,3 sentnere deň bolandygyny aňladýar. Şu möwsümde ýokary öndürijilikli däne kombaýnlarynyň 439-sy bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň 28-si hereket edýär.
15-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama