SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝUNISEF 170 million doza koronawirus sanjymyny satyn alar

BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) “COVAX” halkara maksatnamasy üçin “AstraZeneca” britan-şwed kompaniýasyndan koronawirus pandemiýasyna garşy işlenip düzülen sanjymyň 170 million dozasyny satyn alar. Bu barada BMG-niň Baş Sekretarynyň resmi wekili Stefan Jarrik habar berdi.

– BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) “COVAX” halkara maksatnamasy üçin “AstraZeneca” britan-şwed kompaniýasy sanjym satn almak şertnamasyny baglaşdy. ÝUNISEF we onuň hyzmatdaşlary 85 ýurt üçin 170 million doza möçberinde sanjyma eýe bolarlar – diýip, BMG-niň resmi wekili belledi. bu gol çekilen resminama şu ugurdaky 3-nji degişli resminama boldy. Mundan ozal “Pfizer” kompaniýays hem-de Hindistanyň Sanjym instituty bilen degişli ylalaşyklara gol çekldi.

“COVAX” halkara maksatnamasy önümçilik desgalarynyň döredilmegini we täze koronawirusa garşy sanjymlaryň satyn alynmagyny goldamak üçin döredildi. Bu maksatnamanyň şertlerine görä, ýokary girdejili ýurtlar sanjymlary satyn alýar, ösýän ýurtlara ýeňillikler döredilýär. Bu maksatnama dünýäniň 92 ýurduna ýeňillikli şertlerde sanjymlary almaga mümkinçilik berer.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar