BILIM

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek: 2022

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2022 — 2023-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň tertibi neşir edildi. “Adalat” gazetiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndaky sanynda neşir edilen tertibi www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylaryna ýetirýäris.

1.Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek synagy Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.

  1. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.
  2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2022-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar.

Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilmegi baradaky harby wekiliň adyna ýazan dil haty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);

2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýjy resminamasynyň nusgasy;

3) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;

4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;

5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1-nji, 2-nji, 3-nji çärýeklerinden göçürme);

6) 6 sany 3х4, 4 sany 4х6, 2 sany 9х12 ölçegde ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;

7) okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;

8) okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan nusgasy;

9) lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologik, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorluk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);

10) keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;

11) ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;

12) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

13) eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlaryndan aradan çykany bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy.

  1. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
  2. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär. Kabul ediş topary

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler