ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ýolaman Hummaýew: «Palawa gel»-den başlanan söhbet

Bilmeýänimi sorap oňa kän jaň edýän. Halypamyz Hudaýberdi Bäşimow ömrüniň ýetmiş ýyla golaýyny medeniýete, sungata bagyşlansoň köp bilýär. Gowy häsiýeti bilýänini ak ýürekden öwredýär. Öňräk saçaga ýaňy bir palaw alanymdan jaň geldi.

— Gurgunçylykmy, Akgül! Jaň eden ekeniň eşitmändirin — diýip, ol hal-ahwal soraşdy. Berdi akga, türkmençilikde «gaýyn eneň söýüpdir» diýilýär, edil şu mahal «Palawa gel» aýdymy aýdaýmaly boldum — diýdim. Ol: — Işdäňiz açyk bolsun! Arkaýynlykda jaňlaşaýarys  — diýip telefony öçürdi. Biraz wagtdan jaň aýladym.

— Ýaňy «palawa gel» aýdymdan söz açdyň welin, Ýolaman neresse ýadyma düşdi. Bir gezek Ýolaman Daşkentde okaýan dostlarynyň öýüne myhmançylyga barýar. Şonda Nowaýy teatrynda guralan dabara şäherde ýaşaýan türkmenlerem çagyrylýar. Konsert gidip durka dünýä meşhur Tamara hanum Ýolaman Hummaýewiň zalda oturanyny görýär. Ol sahnadan düşüp, gelşine  Ýolamanyň elinden tutup, tomaşaçylaryň öňüne çykarýar. Öwgüli sözler bilen tarypyny ýetirip Ýolamandan «Şasenem-Garyp» operasyndaky (Ilmyradyň aýdymy) — «Palawa gel» aýdymy aýdyp bermegini haýyş edýär. Şonda Ýolamanyň ýag ýaly sesiniň ajaýyplygyna haýran galan tomaşaçylaryň biri ýerinden turup:

— Palawy özbekler bişirse-de, tarypyny türkmenler ýetirýän eken-ow! — diýip, Ýolaman Hummaýewe doganlyk Özbegistanyň daşyna gyzyl çaýylan tugra-gerbini gowşurypdyr.

Ýolaman neresse bary-ýogy 31 ýaşynyň içinde 12 ýyl sungata hyzmat edip ynha, şeýle ýol goýdy. Türkmenistanyň şol wagtky ýolbaşçysy Şaja Batyrow onuň mahmal owazy bilen aýdan aýdymlarynyň çyn muşdagy bolupdyr. Ol iş saparlary bilen doganlyk ýurtlara gidende Ýolamany ýany bilen äkidýär eken. Bir gezek öýüne myhman gelip, «Pöwrizä äkit» diýseler Ýolaman Şaja Batyryň howlusyna baryp ulag sorap haýyş edipdir. Ýolamanyň-a gaty sadalygy, Şaja Batyryňam diýseň adamkärçilikli adam bolanlygy: — «Palawa gel» aýdyp ber — diýip, aýdym aýtdyryp soňam ulagyny berip ugradypdyr. «Bu onuň aýdymlaryna ýokary wezipeli ýolbaşçynyň aýratyn hormat goýýanlygy» diýip ýatlardylar.

Ýolaman neresse Moskwa keselhanasynda ýogalýar. Şonda ony uçar bilen alnyp gelinýärkä Şaja Batyrow uçary Marynyň üstünden üç gezek öwrüm edip aýlap, Ýolamany iň soňky gezek dogduk obasy bilen hoşlaşdyryp gaýtmagy tabşyrýar. Neressäni soňky ýoluna ugradylanda gelen mähelläni soň-soňlaram kän ýatladylar. Gölegçiniň teatrdan başlan hatary Köşüdäki Mahmyt Işan gonamçylygyna çenli uzap, tabyt diňe elden ele geçirilip äkidilýär. Ýolaman Hummaýew şojagaz gysga ömründe özüne «Türkmeniň saýrak bilbili» diýdirdi.

On ýaşlarymdakam «Leýli-Mežnun» operasynda Mežnunyň keşbini oýnanda tomaşa edipdim. Şol sahnadaky keşbi häzirem göz öňümde. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Ýolaman Hummaýewiň Mary welaýatynda ýaşan köçeleriniň birine ady dakyldy. Şol dabara gatnaşdym. Şonda onuň miras galdyran aýdym ýazgylaryny ses gataldyjy enjamda ýaňlandyryp, köçäniň ugry bilen guralan ýörişde ýaşaýyş jaýlaryň diwaryna «Ýolaman Hummaýew köçesi» diýen ýazgylary berkidip gaýtdyk — diýip gürrüň berdi.

Ir ýogalypdyr, bende. Häzir maşgalasynda ogul-gyzy barmyka? — diýip sowal berdim.

— Gyzy Gözel Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiň mugallymy. Gerek bolsa telefon belgisini beräýerin — diýip salgy berdi.

Ýolaman Hummaýew 1921-nji ýylda Mary welaýatynyň, Mary etrabynyň (häzirki Wekilbazar) ikinji Goňur obasynda doglan. 1952-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda-da ýogalan. Öz ýanymdan gyzy näçe ýaşlaryndaka? Ol kakasy hakynda nämeler gürrüň berip bilerkä? — diýip, ýakynda onuň iş ýerine söhbetdeşlige bardym. Gözel mugallym özüniň 78 ýaşyndadygyny aýtdy-da:

— Biz üç dogandyk. Häzir iki doganym aýatda ýok. Kakam ýogalanda uly doganym Nurmuhammet dokuz ýaşyndady, men alty ýaşymdadym, jigim Nurjemal üç ýaşyndady. Kakamyň özi dört doganyň biridi. Uly agasy Ilaman kakam — Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanowyň kakasy, onsoň kakam, körpe inisi Gulaman kakam hemem Gurbanjemal (Tokga eje) diýenem bir aýal dogany bolan. Tokga ejemiň gyzy Sadap häzir Maryda ýaşaýar, 83 ýaşynda.

Kakamyň dosty aýdymçy Ata Bäşim («Aýgytly ädim» filminde Aşyryň kakasynyň keşbini oýnan artist) «Ýörüň, kakaňyz bilen hoşlaşyň!» diýip Nurmuhammet ikimizi teatra alyp geldi. Hiç zada düşünemizok. Hemmeler aglaýardylar. Teatryň uly zalynda kakam gözlerini ýumup owadan bolup ýatyrdy, daş töweregi güller bilen bezelipdir. Uklap ýatandyr öýtdum. Kakam şol pursatdaky keşbi bilenem göz öňümde galdy. Kakamyň üç perzendinden häzir sekiz agtygy, on çowlugy bar. Durmuşa çykanymda meşhur artist Alty Garlyýewiň aýaly Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewa: — Hummaýew başga ýokdur, familiýaňy üýtgedäýmegin — diýipdi. Kakamyň familiýasynda galdym.

Çagalykdan teatrda ösüp ulaldyk. Ejem Bibi Hummaýewa (Çeretanowa) tansçydy. Paýtagtymyzda ilkinji opera sdudiýa açylyp, kakam bilen  ejem  şol studiýada bile okapdyrlar. Teatrda-da bile işleýärler. Soň ýer yranmada ýykylansoň, opera balet teatry Mary şäherine göçürilýär. Kakam bilen ejem ilkinji balerinada bile oýnaýar hem soň halaşyp 1942-nji ýylda durmuş gurýarlar. Kakam Söýeg bagşynyň agtygy. Marydaky sazçylyk mekdebe kakamyň ady dakylanda dabara ejemem gatnaşdy. Ejem şol döwürdäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki Opera we balet teatrynda köp ýyllar zähmet çekdi. «Aýgytly ädim» filminde Ballynyň aýalynyň roluny oýnan, düýeden ýykylýan zenanyň keşbinde ejem, Artygyň jigisi Şekeriň keşbinde jigim Nurjemal oýnady. Alty Garlyýew şol filmi surata düşürjek bolanda Şekeriň keşbi üçin menem synagdan geçirdi, ýöne Nurjemaly keşbe has laýyk gördi. Men şo mahallar talypdym. Ejem okuwymdan ünsüm sowular öýdüp kinoda surata düşüresi gelenokdy, ýöne dynç alyş wagtym bolansoň, barybir olar filmde surata düşýän pursatlary ýanlarynda boldum. Filmde  agzalýan Goşa obasyny gördüm. Ejemiň düýeden ýykylyp ölýän sahna pursadyny surata düşürmeli bolanda Alty aga: «Ynandyryjy bolsun» diýip telim gaýta surata düşürdipdi.

Baba Annanow neresse Nurjemal bilen jigi-dogan bolup keşp döredensoňlar soň-soňlaram Nurjemaly görende: «Sestrýonka, kak dela?» diýip saglyk-amanlyk soraşardy. Ejem görgüli käwagt keselhanada ýatyp bejergi alardy. Yzyndan nahar eltmäge baramda, otagdaş zenanlar ejemden: «Daýza, siz şol «Aýgytly ädim» kinosyndaky düýeden ýykylýan aýalmy?» diýip soraýardylar. — Hawa — diýerdi-de, «tanymal boljak bolsaň keselhana giräýmeli eken» — diýip gülerdi.  Ejemiň şol filmde surata düşende dakynan gülýakasy ýadygärlik galdy. Ejem «Aýna», «Aşyr aganyň mekirligi», «Çopan ogly», «Aýratyn tabşyryk» we başga-da birnäçe filmlerde surata düşdi — diýip, ýüzüme köpmanyly seredip durdy.

Ol ejesine juda meňzeş, jigisi Nurjemal bolsa, kakasyna meňzeş. Gözel mugallym orta mekdepden soň 9 ýyl okaýar. Ilki Sankt-Peterburgyň (Leningradyň)  A.Ý. Waganowa adyndaky akademiki horeografiýa mekdebini gutaransoň, Aşgabatda opera we balet teatrda işleýär, soňra 1989-njy ýylda häzirki Sankt-Peterburgyň N.A. Rimskiý Korsakow adyndaky konserwatoriýasynyň «balet režissýory» kafedrasynyň «Balet öwreniji» hünärini tamamlaýar hem ejesiniň kärini dowam edýär. Ol: — Ejem 1995-nji ýylda 69 ýaşynda ýogaldy. 2009-njy ýylda ejemiň doglan gününde maňa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen at berildi.

1950-nji ýylda Türkmen döwlet opera we balet teatryň kollektiwi kakamy zähmetkeşler deputatlarynyň Aşgabat şäher Sowetine deputatlyga kandidat görkezýärler. Deputat bolansoň oňa ýüz tutup, kömek soraýanlar kän eken. 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda Apa atly özbek zenanynyň tutuş maşgalasy kesegiň aşagynda galýar. Hossarsyz ýalňyz galmaz ýaly şol daýza ömrüniň ahyryna çenli maşgalamyz bilen bile ýaşady. Kiçi wagtlarymyz bize serederdi. Naharymyzy bişirerdi.

Kakamyň, ejemiň bile işleşen kärdeşleri, goňşularymyz maşgalamyz bilen dogan ýaly gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa kakam hakynda kän gürrüň bererdi. Ol: «Ýolaman üýtgeşik zehinli, gaty gelşikli, edil buýrulyp ýasalan ýalydy. Göz-ä sarymtyl, agzy-burnam kümüşden guýlan ýaly, inçesagtdan gelen görmegeý, ýylgyn ýaly ýigitdi. Onuň adamkärçiligi, päk göwünliligi barada näçe aýtsaňam az. Neresse türkmeniň ýüregi atyň kellesi ýaly, kalby kireňsiz ogullarynyň, onda-da töwekgel ogullarynyň biridi. Onuň bilen Džakomo Puççiniň belli «Çio-çio-san» operasynda bile oýnadyk.Ýolaman-a Amerikadan Ýaponiýa gelip, Çio-çio-sanyň aşygyna öwrülen Pinkertonyň rolunda, menem Çio-çio-sanyň obrazynda oýnadym. Kakaň rus diline kän ökde däldi, emma sesine welin taý geljek ses ýokdy, şonuň üçin «Çio-çio san» operany türkmençä geçirdiler.

1952-nji ýylda ikimize-de «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berildi. Şol wagtlar men köriçege bolup keselhana düşdüm. Ýolaman bokurdak basyklygyndan galan ýürek agyrysy üçin bejergi alýardy. Bir gün ol: «Maýa Kulyýewa aýak üstüne galdymy?» diýip jaň etdi. «Hawa»  diýdiler. «Onda gelsin-dä» diýýär. Onsoň onuň ýanyna bardym. Halyny görüp gaty bozuldym. Hamsygyp duranymy görüp ol: « Oňarmadyň, beýtme ahyry! Sähel zada beýdip ejizläp durmak bolmaz-a» diýip başyny ýaýkady. Ýogalmazyndan öň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan hemaýat berlip Moskwa keselhanasyna iberildi. Maşgalasy Bibem ýany bilen Moskwa bile gitdi. Otly ugrandan «Ho-o-oş-ş galyň-la-ar!» diýip, zaryn ses bilen aýdyma gygyrdy welin, süňňümizi sarsdyrdy. Moskwada bokurdak mäzlerini aýyrjak bolanlarynda: «Sesime zyýan berermi?» diýip soraýar. Lukman anyk jogap bermäge bogny ysman egnini ýygrypdyr. Ýolaman neresse: «Sesim ýitensoň maňa ýaşamak hökmanmy?» diýýär. Şeýdibem 1949-njy ýylda operasiýadan ýüz öwrüp gaýdýar. Soňky operasiýasy bolsa şowsuz boldy. Ýolaman diýseň sadady. Bir gezek ol uzak gije toýda bolýar. Ertesem ir sagat sekizlerde Karl Marks meýdançasyndan barýarka Şaja Batyry görmekçi bolýar. Onsoň ýaşula jaň edýärler. Olam: «Gelsin, ýüregi «türkmenim» diýip atygsap duran, meşhur ogly kabul etmesek bolmaz-a » diýip kabul edýär. «Näme hyzmat?» diýse, saglygyňyz, ýöne salamlaşaýaýyn diýdim » diýýär. Şaja Batyram: «Onuň ýaly bolsa, öňküdenem pugta dur-da işläber» diýipdir. Ine, şu gysga pursatlyk söhbetdeşlik bolsa-da, türkmeniň iki sany beýik oglunyň ol duşuşygy üki-üç günläp Aşgabatda şowhun döretdi» diýip ýatlapdy.

Kakam soňky ýoluna ugradylanda Maýa Kulyýewa bilen Annagül Annagulyýewa ikisiniň başyny aşak salyp gamgyn halda kakamyň portret suratyny göterip barýan suraty bar. Şol suraty ýörite alboma ýelmäp goýdum. Jaýlary jennet bolsun! Häzir olaryň hiç birisem aýatda ýok. Emma kakam hakynda aýdylan ýatlamalar welin, maňa her günde gürrüň berlip durlan ýaly.

Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa: «Bir gün buzgaýmak» iýip otyrdym. Ýolaman Hummaýew: «Sen aýdymçy ahyry iýme» diýip sesimi alada edip maslahat berdi. Bir günem aýdym-sazly üýşmeleňe bardym, şol ýerde Ýolamanam bar eken. Ol maňa: «Sen ýaş gyz, munuň ýaly üýşmeleňe gelmeli däl» diýip tabşyrdy. Ol meni hemme taraplaýyn goraglaýardy» diýip gürrüň beripdi. Meşhur fleýtaçy Kakabaý Hajyýew bolsa: «Seň kakaň ýaly hiç kim aýdyp bilmez» diýerdi. Bu gürrüňi bolsa, belli aýdymçy Gurban Ryzaýew gürrüň beripdi. «Ýusup-Ahmet» operasynda gylyçlaşmaly sahna pursadynda kakam bat bilen urup gylyjyny döwäýipdir. Ol keşp döredende eseriň dünýäsinde ýaşap oýnaýar eken — diýip Gözel mugallym gürrüňini dowam etdi.

Ol gürrüň bermäge juda ökde. Edebiýata, sungata gowy düşünýär. Ondan öwrenmeli zatlarymyz kän. Öte sowatly halypa. Kakasy bilen işleşen halypalar hakynda kän zatlary gürrüň berip biljek, hazyna ýaly zenan eken. Ol arhiw suratlary synlap oturyşyna: — 2021-nji ýylda ilki, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, soňra şol ýylyň 10-njy noýabr güni oglum bilen Mary şäherine gidip kakamyň doglan gününiň 100 ýyllygyny belledik. Gowy garşyladylar. Dabara şahyr Allaýar Çüriýewiň kakama bagyşlan «Döwürleriň bilbili» atly goşgusyna döredilen aýdym bilen başlandy. 1992-nji ýylda Mary welaýatyndaky ýörite sazçylyk mekdebe kakam Ýolaman Hummaýewiň ady dakyldy. Aýdymy şol mekdebiň dutarçylar ansambly ýerine ýetirdi. Kakamyň keşbi dokalan türkmen halysy diwary bezäp durdy. Obadaşlary, kärdeşleri kakam hakyndaky ýatlamalar bilen çykyş etdiler. Kakamyň miras galdyran aýdymlarynyň ýazgylary şeýle-de ýaşlaryň aýdym-sazly konserti dabarany bezedi. Soňra-da obada sadaka berdik. Öten-geçen halypalary, ejem-kakamy hatyralap aýat-töwir okaldy — diýip gürrüň berdi-de, ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowa bilen ýakyndan gatnaşýandyklaryny aýtdy. Onsoň goňşurak ýaşamyzsoň, Gurbanjemal gelnejäniňem Ýolaman Hummaýew bilen bagly aýdanlaryny ýazgy etdik. Ol:

— Ýolaman Hummaýew halkyň ýadynda, onuň mahmal owazy gulaklarda ýaňlanyp dur. Kimler ony grammplastinkalardan diňledi, özüni diňlemek bagtyna miýesser bolanlar hem häzirki döwürde ýek-tük galan bolaýmasa. Elbetde, ýetmiş-segsen ýaşly adamlar onuň aýdymlaryny diňe grammplastinkalardan diňläp bildiler. Özümem artistiň şirin owazyna maýyl bolup, aýdymlaryny geçen asyryň 60-njy ýyllarynda plastinkalardan diňläpdim. «Leýli-Mejnun» operasyndan «Isterem», «Şasenem-Garypdan» Ilmyradyň aýdymy («Palawa gel»), «Örtär meni» ýaly aýdymlar ýazylan plastinka bizde-de bardy, ürç edip diňlärdik, ejem bilen kakamam Ýolaman Hummaýewi diňlemegi gowy görerdiler. Ýolaman Hummaýewleriň maşgalasy ýer titremeden soň bir ýyl töweregi Maryda ýaşapdyrlar.

Alym şahyr Allaýar Çüriýew bilen bile işleýäs. Özara gürrüňdeşlikde käte Ýolaman neressäni ýatlaýas. Ol: — Meşhur artistiň maşgalasy bilen ýygjam aragatnaşykda bolmak bagty maňa-da miýesser bolupdy. Teatryň balet artistkasy bolan Bibi Çirotanowanyň  halyndan wagt-wagt habar tutardyk, bile oturyp çaýlaşyp gaýdardyk. Ol şeýle saýhallydy, akyllydy, myhmansöýerdi, bizi  (biologiýa ylymlarynyň doktory Ogulbagt Sabirowa ikimizi) güler ýüz bilen garşy alardy. Gyzy Gözel ol wagtlar okuwdady. Bibi ejemiziň oýnan baletlerine-de tomaşa edipdik.        Ýolaman Hummaýewiň aýdymlary täzeden ýazgy edilip, ýygy-ýygydan radio üsti bilen eşitdirilse, diňleýjiler şeýle ylahy owazdan lezzet alardylar. Bu «Türkmen bilbili»  barada ylmy işler ýazylsa, onuň aýdymy aýdylýan «Jadyly dür» filmi türkmen telewideniýesinde ýygy-ýygydan görkezilse, ylahy zehinli ynsanyň ýagty ýadygärligine hormat goýuldygy bolardy — diýip, goşgularynyň köpüsi aýdyma öwrülen, aýdym bilen ýaşaýan şahyr özüniň Ýolaman Hummaýewe bagyşlap döreden «Döwürleriň bilbili» atly goşgusyny okady. Menem Ýolaman Hummaýew hakynda ýazan ýatlamama goşgyny dolulygyna goşup «Türkmen arhiwi» žurnalynyň okyjylaryna hödürledim — diýdi-de, gürrüňini dowam etdi.

— Şahyr Ata Atajanowyň ýatlamalarynda Ýolaman Hummaýew hakynda kän pursatlar ýatlanýar. Sebäbi olar orta mekdepde bile okapdyrlar hem dost bolupdyrlar. Ol ýatlamalardan käbir mysallar: «Aramyzdan armanly giden meşhur aýdymçymyz hakda sylagly ýatlamalar bir ýerde üýşmeleň bolsa öz-özünden dömüp çykýar. Her kim öz ýadyna düşen wakalary artisti görmäge, tanamaga ýetişmediklere aýdyp berýär. Onuň zaly göçürip barýan şirin labyzly «tenory», «Leýli-Mejnundaky» bir sahnada daglardan haýbatly görünýän daýanykly kaddy-kamaty», «Gül-Bilbilde» aždarhanyňam gözünden ýiti uçganaklaýan pyýala dek gara gözleri», «Sahnada artiste meňzemeýän tebigylygy» baradaky gürrüňleriň yzy kesilmeýär…».

«1947-nji ýylyň iýun aýynda «Ýaş kommunist» gazetiniň redaksiýasy maňa respublikamyzyň meşhur ýaşlarynyň bir topary hakda dostluk degişmelerini ýazyp ber diýdi. Men şonda Ýolaman hakynda-da bir oýnam goşgy ýazjak bolup, onuň özi bilen gürrüňdeş boldum. Ol şonda bada-bat: «Ýok, ýok, men hakda ýazma. Dostuny öwüpdir» diýerler diýip garşy çykdy. Menem degişip: «Sen öwjegimi näbilýäň? Belki, döwerin» diýdim. «Onda bolýa. Onda ýazaý!» diýeni şu günki ýaly ýadymda. «Näme arzuwyň bar?» diýip soradym. «Sen näme, meni şu gün tanamalymy? – diýip, Ýolaman geň gördi. «Meniň şol bir arzuwym, okuw, okuw, okuw. Uly artist bolasym gelýär».

Şahyr makalasynda jana-jan dosty, rollary ýerine ýetirende çakgan hereketli, hyjuwly, tomaşaçylara çäksiz söýgini, ýönekeýden sadalygy gursagynda jemlän Ýolaman Hummaýewiň döreden obrazlarynyň hiç haçan ýatdan çykmajakdygyny belläpdir. Ol müň keren mamla. Türkmen opera sungatynyň döremegi hut Ýolaman Hummaýewiň ady bilen baglanyşyklydyr. Opera türkmen sungatynda bütinleý täze ugurdy. Orkestr, dirižýor, solo (ýekelikde aýdym aýtmak), duet (aýdyşyk hor…) ýaly sözleriň her haýsynyň täze özboluşlyklary ýaly oýunda ýerine ýetirýän wezipeleri-de türkmen diňleýjileri üçin täzelikdi.Ýolaman ilkinji synaglardan oňat baş çykarýar. Ençeme saz gurallaryna goşup, diňleýjä düşnükli edip täzeçe aýdym aýdyp berip, abraý alaýmakda-da iş bardy. Opera sahnalaryndaky baş keşpleri ilkinji nobatda köplenç Ýolamana ynanylýar. «Zöhre-Tahyrda» Tahyr, «Leýli-Mežnunda» Mežnun, «Çio-çio-san» operasynda doň ýürek kapitan Pinkerton, «Abadan» operasynda edermen esger Batyryň keşbi, «Şasenem-Garyp» operasynda Ilmyradyň keşbi, «Ýusup-Ahmetde» Ahmediň, «Kemine-Kazy» operasynda Daňataryň, «Gül-Bilbil» operasynda Bilbiliň, keşplerini ussatlyk bilen janlandyrdy.

«Edebiýat we sungat» gazetiniň 2011-nji ýylyň 9-njy dekabr sanynda Türkmenistanyň halk artisti Orazdurdy Hojaýewiň ýazan makalasynda: «1965-nji ýylda Moskwada çap bolan «Opera sözlügi» atly kitapda hem 1946-njy ýylda sahnalaşdyrylan «Leýli Mežnun» operasynda Ýolaman Hummaýewiň döreden Kaýysy (Mežnuny) Annagül Annagulyýewanyň döreden  Leýlisi barada durlup geçilýär. Onda ady agzalan artistleriň söýginiň nämedigini açyp görkezip bilendigi beýan edilýär» diýip ýazylypdyr. 1962-nji ýylda neşir edilen «Saýaly güzer» atly kitabymda Ata Atajanowyň: «Biziň milli medeniýetimiziň guwanjy Türkmen döwlet drama teatry 1938-nji ýylda Mary şäherine gastrola barýar. Şol ýyllar «Zöhre-Tahyr» sazly dramasy bu teatra uly şöhrat getiripdi. Biz ol wagt oglandyk. Teatryň resmi adynam gowy bilmän, ýöne «Zöhre-Tahyr» gelipdir diýip eşidenimizden şäheriň seýil bagyna bakan eňiberýärdik. Dogrusy, ýeke bizem däl, uly il şeýledi. Bilet tapmak kyndy. Ýolaman dagy bir topar oglan bolup, şol sapar, näçe dyrjaşsalaram, bilet almagyň ugruny tapmaýarlar. Lapykeç bolan oglanlar daşarda gultunyşyp galýarlar. Emma Tahyryň sesiniň diwanasy Ýolaman çykalga tapýar. Tomusky teatryň üstüne abanyp duran tikenekli uzyn akasiýa ýoldaşy bilen dyrmaşyp, tä oýun gutarýança, şol şahadan butnaman, oýna tomaşa edýär» diýen ýatlamasyny ýazanym ýadymda. Gör, adamda erjellik, maksadaokgunlylyk bolanda nähili bolýar ekeni, tikenleri çümüp persala edip barýan agajyň tikenlerem Ýolamana kär edip bilmändir.

Ýatlamalara görä,  Ýolaman  sahnada aýdylan Tahyryň aýdymlaryny üns bilen diňläp, öwrenip, soň ýoldaşlaryna aýdyp berer ekeni. Ýoldaşlary onuň şirin owazyna maýyl bolup, hezil edip diňlär ekenler. Ýolamanyň bagtyna şol ýyllaryň yzysüre Aşgabatda täze açyljak opera studiýasyna gowy sesli ýaşlardan toplamak maksady bilen, obalara ýörite toparlar aýlanyp başlapdyr.Ýaş zehinleri gözlemäge obalara çykan topar Ýolaman barada eşidip, onuň bilen duşuşyp, sesini, sazy yzarlaýşyny barlap, ony Aşgabada täze açyljak studiýa çagyrýarlar.

Ol 1938-nji ýylyň 16-ny sentýabrynda ilkinji gezek täze açylan opera studiýasynyň sahnasynda peýda bolýar. 1941-nji ýylda Aşgabatda Opera we balet teatry açylýar, bu bolsa aýdym-saz sungatynyň taryhynda uly waka bolýar. Ýolaman Hummaýew, Hojaw Annadurdyýew, Hoja Annaýew, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa — studiýany tamamlan ýaşlar şol teatra işe kabul edilýärler. Olar bilelikde zähmet ýoluna başlaýarlar. Onuň ýakymly tenor sesi opera diňleýjilerini derrew özüne muşdak edýär. Ol gysga pursatda ençeme ýatda galyjy obrazlary döredýär. Halk arasyndaky gürrüňlere görä, obalardanam ýörite Ýolamany diňlemäge geler ekenler — diýip, Gurbanjemal gelneje gürrüň berdi.

Gözel mugallymdan kakasyna degişi arhiw suratlary, wideo hem resmi maglumatlary okamak üçin alyp gaýtdym. Belli mirasgär Ümür Eseniň «Iliniň ezizläni» atly kitaby Ýolaman Hummaýewiň ömri, döredijiligi hemem nesil daragty hakynda giňişleýin maglumatlar toplanyp ýazylypdyr. Ýolaman Hummaýewe 1944-nji ýylda Orta Aziýa respublikalarynyň Daşkentde geçirilen on günlüginde aýdym-saz sungatynda bitiren hyzmaty göz öňünde tutulyp «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at berilipdir. Ol 1946-njy ýylda türkmen edebiýatynyň Moskwada geçirilen ongünlügine-de gatnaşýar. Respublikamyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ol «Hormat nyşany» ordeni bilenem sylaglanýar. Ýolaman Hummaýewiň döredijiligine SSSR-iň halk artisti Hydyr Allanurow: «Aýdymçy hökmünde Ýolamanyň üýtgeşik tebygy zehini bardy. Onuň ýumşakdan ýakymly, milli öwüşginlere diýseň baý, liriki dramatik tenor sesi studiýa okuwa gelen günlerinde hemmeleriň ünsüni çekdi. Oňa tälim beren, sdudiýa okuwa getiren S.Bereznow hem Moskwanyň uly teatrlarynyň birinden gelip, uruş ýyllary bizde teatryň baş dirižýory bolup işlän S.Ý. Orlanskiý, T. A. Şaraşidze ýaly güýçli hünärmenler hem Ýolamana «gelejegi uly aýdymçy» diýip baha berdiler — diýlip ýazylan ýatlamalar ýaly täsirli maglumatlar kän. Arhiw maglumatlaryň arasynda «Jadyly dür» filminden bir parçanyň wideo ýazgysy bar eken. Aslynda men öňem Ýolaman Hummaýewi ilkinji nobatda şol filmdäki ýazgysy bilen tanaýardym. Onuň üýtgeşik owazynyň bir aýratynly bar. Bir gezek diňledigiň bolany, şo günüň dowamy däl, telim günläp owazy gulagyňda ýaňlanyp durýar.

Makalany taýýarlaýan pursadymda Ýolaman Hummaýewiň şahsy arhiwine degişli mirasyny gyzynyň uly hormat goýup saklaýandygyna göz ýetirdim hemem juda begendim. Sebäbi her bir şahsyýetiň ykbaly, döredijiligi ilki bilen maşgala ojagyndan başlap öwrenilýär. Meşhur artistiň yzynda şeýle terbiýeli dowamatynyň barlygy üçin makalamy halypa şahyrymyz Allaýar Çüriýewiň:

«…Asmandaky Ömrüzaýa ýyldyzyň,

Ömrüne aňkaryp galdy halaýyk.

Ol bolsa ýolugra aýdymlaryny,

Gidipdi illerden-illere ýaýyp.

***

Aýdymsyz dünýäni neýlesin köňül,

Bu günem men diňläp diýdim: «Eý, aman!».

Gyzyň Gözel gysga ömrüň dowamy,

Dünýäň abat. Arkaýyn ýat, Ýolaman!» diýen aýdyma öwrülen şu goşgy setirleri bilen jemläsim geldi.

Akgül Saparowa.

 

 

 

Ýene-de okaň

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi