JEMGYÝET

Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitine gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow,  Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar hem-de halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Azerbaýjan 3-nji gezek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitini gurnaýar. Mundan ozal, 2006-njy we 2012-nji ýyllarda YHG-niň sammiti Baku şäherine geçirilipdi.

Hankendi şäherindäki kongres merkezinde geçirilen sammite gurama agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji Sammiti Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilipdi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär.

 

Ýene-de okaň

“Azertag”: Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan sapary türkmen metbugatynda

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy