“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek hyjuwy bagtyýar halkymyzy netijeli we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Şonuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda päk zähmet joş alýar, ýurdumyz ösýär, halkymyzyň jebisligi pugtalanýar. Bu zatlar taryhy döwrümiziň döredijilik ruhunyň beýany bolup dabaralanýar.
Şan-şöhrata beslenýän ýylymyzyň häzirki günlerinde bagtly çagalygyň ýurdy bolan güneşli ülkämizde ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, kämil tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň: «Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen sözleriniň ajaýyp durmuş hakykatydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzy bilimli, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin edilýän aladalar ýaş nesliň ylymlar ummanyna çuňňur aralaşmagyna, çeper döredijilik bilen içgin meşgullanmagyna giň ýol açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän Arkadag şäheriniň orta mekdeplerde dünýä dillerini, aýratyn-da iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Okuwçylaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny we söz baýlygyny artdyrmak hem-de gepleşik endiklerini ösdürmek maksady bilen döwrebap pedagogik usullardan we innowasion okuw serişdelerinden işjeň peýdalanylýar. Sapaklarda interaktiw tagtalar, sanly platformalar, toparlaýyn iş usullary ýaly täzeçe çemeleşmeler giňden ornaşdyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýaş nesliň dünýä derejesinde bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Biziň hem mekdebimizde daşary ýurt dillerini öwretmegiň tejribeleri yzygiderli baýlaşdyrylýar, mugallymlar özara tejribe alyşýarlar, okuw-usuly maslahatlar geçirilýär. Biz hem hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny gazanmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, olaryň daşary ýurt dillerini ýokary derejede özleşdirmekleri üçin ähli tagallalary edýäris.
Ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmaga, olary önümçilige giňden ornaşdyrmaga, innowasion teklipleriň binýadyny döretmäge aýratyn üns berilýär, ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim ulgamyna birikdirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ýörite hünärmenler tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallaryny işläp taýýarlamak işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy onuň aýdyň mysallarydyr. Bilim edaralarynyň arasynda özara tejribe alyşmagy, bilimiň ähli tapgyrlarynda ýokary hilli elektron maglumat üpjünçiligini ýola goýmak, ylmyň, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary peýdalanmak, okatmagyň hilini dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen bilim edaralarynda okatmagyň sanly ulgamy işjeňleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagy bilimiň hiliniň halkara ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmekleri, ýaşlaryň mynasyp bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Biz — mugallymlar bilim berýän okuwçylarymyza watansöýüjilik, ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk ruhunda bilim-terbiýe bermek hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri wagyz etmek bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine öz şahsy goşandymyzy goşýarys.
Goý, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürip, ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli bolmaklary üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent bolsun! Täze belentlikleri nazarlaýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin!
Sähragül Begliýewa,
Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň mugallymy.
