Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy (YHG) – sebitleýin hökümetara ykdysady guramasy bolup, 1985-nji ýylda döredildi. Eýran Yslam Respublikasy, Pakistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. 1992-nji ýylda bu gurama alyp barýan hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Onuň düzümine birnäçe döwletler goşuldy. Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan Respublikalary onuň täze agzalary boldy. Agza döwletleriň ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek; sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak; agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar we senagat mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň arasyndaky däp bolan medeni aragatnaşyklary berkitmek; sebitara we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlary we ugurlary bolup durýar.
Türkmenistan YHG-nyň döwlet baştutanlarynyň Sammitlerine işjeň gatnaşýar. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda YHG-nyň Aşgabatda bolan Sammiti Tejen—Sarahs—Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmakdan başlanypdy. Şol gün Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa ýük gatnatmalary we demirýol gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dört taraplaýyn şertnama gol çekipdiler. 1998-nji ýylda Almatyda YHG döwletleriniň üstaşyr ýük gatnatmalary hakda Ylalaşyga gol çekilipdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. 2008-nji ýylyň 28-nji maýynda döwlet Baştutanymyz bu guramanyň şol wagtky Baş sekretary Hurşid Anwary kabul edipdi. Türkmenistanyň sebitde geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, Hurşid Anwar geljekde Stambul—Tähran—Aşgabat—Daşkent—Almaty aralygynda göni ýük gatnawyny açmagyň maksadalaýyklygyny teklip edipdi.
Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Tähranda geçirilen 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup we oňyn bitaraplyk ýörelgisine eýerip, sebitleýin derejede, şol sanda YHG-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürdi. Ilkinji nobatda, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw-energetika meselelerini çözmäge, sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmäge degişli şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, oňa esasan hem, ykdysady we durmuş ulgamlarynda sebitleýin taslamalary ilerletmek bilen meşgullanýan iri halkara guramasy hökmünde garaýandygyny we döwletimiziň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna we möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öň gazanylan ylalaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit boýunça ähli goňşulary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer.
Döwlet Jumagulyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.