SPORT

Ýewropada derbi hepdesi: şu gün “El-Klasiko” gijesi

Şu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda derbi, ýagny çempionatyň güýçli toparlarynyň duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Esasy duşuşyk Ispaniýanyň milli çempionatynda bolup, onda “Real Madrid” bilen “Barselona” duşuşar.

“El-Klasiko” ady bilen tanalýan bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije 00:00-da başlaýar. Ispaniýanyň çempionatynyň şu möwsüminde birinji we ikinji orunda barýan bu toparlaryň duşuşygy has gyzykly bolsa gerek. Şeýle hem çempionatyň 11-nji tapgyryň möhüm duşuşygy bolar.

Çempionatda 10 tapgyrdan soňra 9 gezek ýeňiş gazanyp, 1 gezek utulan “Barselona” topary 27 utuk bilen birinji orunda barýar. Onuň esasy garşydaşy “Real Madrid” topary 7 gezke utup, 3 duşuşykda deňme-deň oýnap, 24 utuk bilen ikinji orunda barýar.

Hawa, Messi bilen Ronaldo köpden bäri ýok. Ýöne, Ýamal bilen Winisius, Lewandowski bilen Mbappa, Pedri bilen Bellingem bar.

1902-nji ýylda bu iki toparyň ilkinji özara duşuşygyndan bäri hem ispan milli çempionatynda hem-de halkara ýaryşlarda toparlar 257 gezek duşuşdy.

2024-nji ýylyň 4-nji awgustdaky ýagdaýa görä, “Real” 105 duşuşykda, “Barselona” 101 duşuşykda ýeňiş gazandy. 52 duşuşyk bolsa, deňme-deň tamamlandy.

“Madrid” topary 1902-nji ýylda doganlar Padros we Hulian Palasios tarapyndan döredildi. 1920-nji ýylda Ispaniýanyň Patyşasy topar Şa kluby derejesini berdi. Ol hem ispan dilinde “Real” manysyny berýär. Şondan bu toparyň häzirki ady “Real Madrid” gelip çykýar.

Ispaniýanyň Kataloniýa welaýatynda professional futbol topary “Madrid” toparyndan 3 ýyl öň döredilýär. Toparyň esaslandyryjysy Žoan Gamper ony sebitiň paýtagtynyň hormatyna “Barselona” diýip atlandyrýar.

“El-Klasiko” duşuşyklarynda iň köp gol geçiren 18 gol bilen Lionel Messidir. Bu duşuşyklarda iň köp oýnan futbolçy Serhio Busketsdir. Ol 48 gezek “El-Klasikoda” çykyş etdi.

Şeýle hem Angliýada dynç güni “Arsenal” – “Liwerpul” duşuşygy, Italiýada şu gün “Inter”- “Ýuwentus” duşuşygy, Fransiýada ertir “Marsel” – “PSŽ” duşuşyklary geçiriler.

Mundan başga-da, 28-nji oktýabrda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde “Altyn pökgi” baýragynyň ýeňijileri yglan ediler.

Ýene-de okaň

Mançini Saud Arabystanynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Lionel Messi duşuşyga kamera bilen çykar

NBA-da ataly ogullaryň ilkinji duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Halkara Tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişer

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna taýýarlanýar

Neýmar 369 günden soňra ýaşyl meýdança dolandy