JEMGYÝET

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk syýastay boýunça Ýokary komissary Kaý Kallas Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolar. Ol saparyny Türkmenistandan başlar.

Kaý Kallas Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Merkezi Aziýa-ÝB” 20-nji ministrler duşuşygyna gatnaşar. Bu ýokary derejeli duşuşyga Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşar.

Ministrler geljek aýda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk görmegiň meselelerini giň gerimde ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem howpsuzlyk, ulag, sanly aragatnaşyk, energetika, suw, söwda, ylym we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklar boýunça pikir alşylar.

Duşuşygyň öňýanynda Kaý Kallas Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Soňra ÝB-niň ýokary derejeli wekili Özbegistana sapar bilen baryp, bu ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşar.

Kaý Kallas bu sapary Gazagystanda tamamlar we Gazagystandaky saparynyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew we daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri

Narine Saakýan: Türkmenistanda çagalar döwlet aladasy bilen gurşalan

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri