SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa Bileleşigi tomusda amerikaly syýahatçylary kabul edip başlar

Ýewropa Bileleşigi şu ýylyň tomsundan başlap, koronowirus sanjymyna garşy waksina kabul eden amerikalylara Bileleşige agza döwletlere syýahat etmäge rugsat berer.

Bu habary Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi hem tassyklady. Ýöne ÝB döwletlerine geljek syýahatçylar şu agentlik tarapyndan tassyklanan waksinalary kabul eden bolmalydyr.

Agentlik şol waksinalary kabul eden amerikalylaryň Ýewropa döwletlerine gelmeginde hiç hili meseläniň bolmajakdygyny tassyklaýar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Usrula fon der Lýaýen «New York Times» neşirine beren interwýusynda hem aýtdy.

Aziýa döwletlerinden hem gysgaça habar: Gonkong bilen Singapur daşary ýurtly syýahatçylara goýan çäklendirmesini 26-njy maýdan başlap ýatyrmakçy.

 

Möhüm telefon belgileri

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi