SIZDEN GELENLER

Ýer hozunyň ösdürilip ýetişdirilişi

Ýer hozy hojalyk ähmiýetli zerur azyklyk, ot-iýmlik ekinleriň biridir. Dänesinde 48-66 göterim guramaýan iýmitlik ýag, 23-38 göterim belok saklaýan ýer hozy dürli maksatlar üçin giňden ulanylýar. Ol topragy azot bilen baýlaşdyryp, özüniň agrotehniki ähmiýeti boýunça beýleki ekinler üçin amatly ekin öňi bolup hyzmat edýär.

Ýer hozy üçin iň amatly ekin öňi güýzlük bugdaý bolup durýar. Ekin galyndylary doly arassalanyp toprak ýumşadylýar, ekişe taýýarlanylýar. Ekiş üçin ýer hozunyň bişen kösüklerini ulanmak bolýar, tohumyň arassalygy 90%, gögerijiligi 85% bolmaly we ekişden öň dermanlanylmaly. Tohumlar ýeňil toýunsow topraga 6-8sm çuňlukda 10-15 dereje ýylylykda ekilýär, esasan iň amatly möhleti 10-20-nji aprel aralygy hasaplanylýar. Gektara 50-60 kg tohum harçlanylýarBütin ösüş döwründe gerek bolan ýylylyk 2800-3200 derejedir. Ýer hozy dökünlemäge talapkär ekindir, aýratyn hem fosfor dökünini halaýan ekin bolup, ýokary hasyl almak üçin berilýän esasy dökünden daşary hem iki gezek goşmaça iýmit bermek peýdalydyr. Şeýle-de ösüş döwründe ýerli dökünleri, gum dersini suwa garyp 200-230 kg hasabynda bermeklik hem gowy netije berýär. Ýurdumyzda ýer hozuna jemi 5-8 gezek ösüş suwy tutulýar. Suwy her 12-15 günden berip durmaly. Kösükler bişip başlanda suw tutmagy bes etmeli. Kösükler gowy bişip, ýeňillik bilen aýrylýan bolsa hasyl ýygnamaklyga başlamaly. Iki döwürli ýygym usuly ulanylýar. Ilki ýörite tehnika bilen kökleri kesip, toprakdan çykarylýar. Her hatardan bir zolak üýşmek çykarylýar. Çykarylan kösükleriň çyglylygy 20-25 göterime çenli azalanda ýa-da 3-5 günden soň kombaýn bilen döweklenýär. Ýygnalan hasyl ammarlarda goýlanda kösüklerip çyglylygy 8 göterimden artyk bolmaly däldir. Ortaça hasyllylygy 15-18 sentner bolup, ideg işleri has gowy we talabalaýyk bolanda onuň hasyllylygy 35-40 sentnere hem ýetip bilýär.

 

Aýbibi Kutlyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti