BILIM

Ýaş gyzlar üçin Amerikada gysga wagtlaýyn mugt okuw mümkinçiligi:TechGirls maksatnamasy

ABŞ-nyň TechGirls maksatnamasy 2026 üçin ýüz tutmalar açylýar: STEM ugurlarynda geljegiňizi gurmak üçin mümkinçilik

ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän TechGirls — 15–17 ýaş aralygyndaky ýaş gyzlaryň STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik, matematika) ugurlarynda ýokary okuw we geljekki hünär ýoluna taýýarlanmagyna goldaw berýän tomusky alyş-çalyş maksatnamasydyr. Maksatnama gatnaşyjylara amaly sapaklar, interaktiw okuwlar we ýolbaşçylyk endiklerini ösdürýän çäreler arkaly öz ukyp-başarnyklaryny güýçlendirmek mümkinçiligini berýär.

TechGirls-iň esasy bölegi — ABŞ-da 23 günlük tejribe bolup, ol 2026-njy ýylyň iýulynyň ortasyndan awgustyň başlaryna çenli geçirilýär. Maksatnama Virginia Tech bilen hyzmatdaşlykda guralyp, gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalarynyň täze ugurlary, STEM boýunça bilim we hünär mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat alýarlar.

Soňkyra TechGirls gatnaşyjylary jemgyýetçilik durmuşy bilen ýakyndan tanyşmak we STEM hünärleri boýunça tejribe toplamak üçin ABŞ-nyň başga bir şäherine ugraýar. Bu şäherleriň arasynda: Austin, Cincinnati, Denver, Detroit, Kansas City ýa-da Seattle bolup biler. Şeýle hem maksatnama “köpeltme täsiri” döredýär: gatnaşyjylar öz ýurduna dolanandan soň, 7 aýlyk mentorlyk (ugrukdyryjy goldaw) bilen jemgyýetçilik taslamasyny amala aşyrýarlar.

🔹 2026-njy ýylda TechGirls 38 ýurtdan ýaş gyzlary hem-de ABŞ-dan deň-duşlaryny üç hepdelik maksatnamada bir ýere jemlär, onuň yzysüre bolsa 6 aýlyk mentorlyk (alyş-çalyşdan öň we soň) dowam eder.


Maksatnama doly maliýeleşdirilýär

TechGirls maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we gatnaşýanlaryň ähli çykdajylary ýapylýar. Şeýle çykdajylaryň içine:

  • ýurt içi we halkara ýol çykdajylary,
  • wiza çykdajylary,
  • ugradyşdan öňki taýýarlyk duşuşyklary,
  • ABŞ-da geçirilýän ähli çäreler girýär.

Kimler ýüz tutup biler? (Türkmenistan üçin şertler)

Ýüz tutmak üçin dalaşgärler:

  • Türkmenistanyň raýaty, alyş-çalyş döwründe hem Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly;
  • 2008-nji ýylyň 12-nji iýuly – 2011-nji ýylyň 11-nji iýuly aralygynda doglan bolmaly;
  • okuwda tehnologiýa, ylym, inženerçilik ýa-da matematika ugurlaryna gyzyklanma görkezmeli;
  • geljekde STEM ugurlarynda (esasan hem tehnologiýada) bilimini dowam etdirmäge we/ýa-da hünär saýlamaga niýetlenmeli;
  • advanced intermediate derejede iňlis dili başarnygy bolmaly;
  • kämilligi, çeýeligi we açyk pikirli bolmagy bilen tapawutlanmaly;
  • ýurduna dolanandan soň jemgyýetçilik esasly taslamany ýerine ýetirmegi boýun almaly.

📌 Bellikler:

  • ABŞ-da öň az ýa-da hiç bolmadyk dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň/ECA başga bir alyş-çalyş maksatnamasy arkaly ABŞ-a gidenler bu tapgyrda gatnaşyp bilmeýär.
  • Maksatnama dürli jemgyýetçilik toparlaryny, şol sanda maýyplygy bolan dalaşgärleri hem ýüz tutmaga höweslendirýär.
  • ABŞ-nyň ilçihanasynyň/konsullygynyň işgärleriniň ýa-da Döwlet departamentiniň işgärleriniň maşgala agzalary gatnaşyp bilmeýär.

Saýlama tertibi (Selection Timeline)

  • 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry: ýüz tutmalar açylýar
  • 2026-njy ýylyň 20-nji ýanwary: soňky möhlet
  • 2026-njy ýylyň fewraly: anketalaryň seljermesi
  • 2026-njy ýylyň marty: ýarym finalçylar bilen söhbetdeşlik
  • 2026-njy ýylyň maýy: finalçylar we ätiýaçlyk sanawy habar berilýär
  • 2026-njy ýylyň iýulynyň ortasy – awgust: ABŞ-daky maksatnama döwri

Nädip ýüz tutmaly?

Anketany iňlis dilinde onlaýn tabşyryň.
📅 Soňky möhlet: 2026-njy ýylyň 20-nji ýanwary

🔗 Ýüz tutmak üçin ulgam:
https://legacyintlleaders.org/Account/Login?branding=tg

🔗 Maksatnama barada giňişleýin maglumat:
https://techgirlsglobal.org/


Habarlaşmak

Soraglaryňyz bar bolsa, e-poçta iberiň:
📧 AshgabatEducation@state.gov
📌 Tema (subject) setirinde: “TechGirls” diýip ýazmagy ýatdan çykarmaly däl.

TechGirls — STEM ugurlarynda güýçli bilim almak we halkara tejribe toplamak isleýän türkmenistanly ýaş gyzlar üçin seýrek gabat gelýän, doly maliýeleşdirilýän mümkinçilikleriň biridir.

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň kolležlerine üstünlikli kabul edilmek ýolunda ilkinji möhüm mümkinçilik

Dr.Döwran Orazgylyjov

Amerikada bilim almak isleýänlere mugt okuw hyzmaty:Prep4Success Student Program

Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy

Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan-Italiýa: bilim ulgamynda täze teklipler

Gyrgyzystan Türkmenistanyň 12 ýyllyk bilim tejribesinden peýdalanmak isleýär