DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan iň ýokary derejedäki gepleşiklere aýratyn orun berilýär.

Taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EXPO 2025”  Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ugurlarda, şol sanda gaz pudagynda we himiýa senagatynda özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesini toplandyklaryny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Şunuň bilen birlikde, taraplar “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki Birinji sammite taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov