TEHNOLOGIÝA

Ýaponiýada howasyz ulag tekerleriniň synaglary başlady

Ýaponiýanyň merkezinde ýerleşýän Toýama şäherinde “Bridgestone” korporasiýasy tarapyndan işlenip düzülen täze “AirFree” howasyz tekerleriň ilkinji ýol synaglary başlady, diýip “Kyodo” agentligi habar berýär.

Innowasion tekeler bilen enjamlaşdyrylan elektrobus ilkinji gezek ýolagçylary bilen umumy ýolagçy ýoluna çykdy. Modeliň ady “Boule BaaS” diýlip atlandyryldy — bu dokuz adama niýetlenen kompakt elektrobus bolup, sagatda 20 km/s çenli tizlige ýetýär.

“AirFree” tekerleriniň esasy aýratynlygy olaryň howa bilen doldurylmagyna mätäç bolmazlygyndadyr. Olaryň elastikligi gaýtadan işlenip bilinýän termoplastik rezinden ýasalan berk gurluşy bilen üpjün edilýär. Bu çözgüt tekerleriň deşilmek töwekgelçiligini azaldýar we tehniki hyzmat çykdajylaryny peseldýär.

“Bridgestone” kompaniýasynyň inženerleriniň aýtmagyna görä, bu başlangyç howpsuzlygy ýokarlandyrýar we kompaniýanyň markalaşdyrylan stilini görkezýär.

Taslama ekologiýa taýdan arassa şäher ulagyny ösdürmäge gönükdirilen “Green Slow Mobility” maksatnamasy çäginde amala aşyrylýar. “Bridgestone” kompaniýasy Toýama häkimiýeti bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi, tekerleriň işjeňlik häsiýetlerini we durnuklylygyny baha bermek isleýär.

Ýene-de okaň

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi