BIZNES

Ýapon “Sumitomo” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde Ýaponiýanyň «Sumitomo Сorporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen ykdysady taslamalar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Wideomaslahatda elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalaryň birleşdirilmeginiň netijeli boljakdygy barada aýdyldy.

Şunlukda, «Sumitomo Сorporation» kompaniýasynyň wekilleri daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda ähli zerur şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanda «agentligi» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezini döretmegiň çäklerinde logistika ulgamdaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipler öňe sürüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary