SPORT

XXI asyryň iň köp gol geçiren 3-nji futbolçysy

“Altyn pökgi” baýragyna mynasyp dalaşgär hökmünde görkezilen, ýöne bu baýraga mynasyp bolmadyk polşaly Robert Lewandowski XXI asyryň iň köp gol geçiren 3-nji futbolçysy boldy. Ol futbol karýerasynda geçiren gollarynyň sanyny 600-den geçirdi.

Häzirki wagtda Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş edýän “Barselona” toparynda çykyş’ edýän Robert Lewandowski “La Liga” çempionatynyň 10-njy tapgyrynda geçirilen “Barselona”  – “Sewilýa” duşuşygynda 2 gezek tapawutlanyp, 600-njy we 601-nji gollaryny geçirdi.

34 ýaşyndaki hüjümçi XXI asyrda iň köp gol geçiren 3-nji futbolçy boldy. Lewandowskiden ozal, bu üstünlige  Lionel Messi we Kristiano Ronaldo mynasyp boulpdy.

Polşaly hüjümçi “Barselona” toparyna geçenden soňra 14 duşuşykda 16 gezek tapawutlandy. Ol “Bawariýa” toparynyň düzüminde oýnan döwründe 375 duşuşykda 344 gol geçirdi. “Borussiýa” toparynda bolsa. 186 duşuşykda 103 gezek tapawutlanypdy.

Lewandowski Polşanyň “Zniç” toparynda oýnan döwründe 21 gol, “Leh” toparynyň düzüminde 41 gezek tapawutlanyp, Polşanyň milli ýygyndysy bilen 134 duşuşykda 76 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy